MAKALA

Serhetçiler aladalar bilen gurşalýar

Özüň hakdaky edilýän bimöçber aladany duýup ýaşamak uly bagtdan nyşan. Aslynda, haýyr işleriň edilmegi adamzat dogup-döräp, onuň kalbynyň päkligini, ahlagynyň arassalygyny alamatlandyrýar. Biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň astynda edilýän adam hakyndaky aladalar hut şu ahlak ýörelgelerinden ugur alýar. Munuň şeýledigini hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer işleriniň netijesinde görmek bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz her gezek geçirýän Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň işini ýurdumyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda goýýandygyny aýtýar. Bu bolsa milli Liderimiziň serhetçilerimizi üns merkezinden birjikde düşürmeýändigini ýene bir ýola subut edýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň başynda, has takygy ýurdumyzyň Watan goragçylarynyň hünär baýramlarynyň giňden dabaralanýan günlerinde beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynda bolşy ýaly, biziň Gullugymyzyň hatarynda hem ýaşaýyş we gulluk ähmiýetli binalaryň dabaraly açylyşy boldy. Eýýäm şu geçen ýarym ýylyň dowamynda hem biziň Gullugymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda ýerine ýetirilen işler, oňyn başlangyçlar, şeýle-de gazanylan beýik netijeler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň beýik özgertmeleriň mertebeli menzillerini nazarlaýandygyndan doly habar berýär. Şeýle hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kabul eden harby özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby özgertmeleri serhetçileriň durmuşyny bezeýär. Ýagny golaýda Gullugymyzyň harby bölümleri üçin dünýäniň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan «Hisence»-iň ýüzlerçe sowadyjysy satyn alnyp, goşunyň öňki bar sowadyjylarynyň üsti ýetirildi, üpjünçilik binýady pugtalandyryldy. Bu bolsa hormatly Belent Serkerdebaşymyz serhetçileriň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak babatynda döwletimiziň hemişe uly aladalary etjekdigi hakynda aýdýanlarynyň hakykat ýüzünde mynasyp beýanyny tapýandygyndan habar berýär.

Bu günki gün ýurdumyzyň dost-doganlyk serhediniň goragçylary hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň çäksiz aladalarynyň hözirini görüp, Watanymyza çuňňur wepalylyk, kasama ygrarlylyk bilen gulluk alyp barýarlar. Olaryň dillerinde bolsa kalplaryna ornan çäksiz alkyşlary Gahryman Arkadagymyzyň adyna ýaňlanýar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 161
  • 06.07.2020