MAKALA

Bagtyýarlyk joşguny

Asuda, parahat, ajap döwrümiz,

Ösüşlere tarap gadamyn urýar.

Bagtyýarlyk bilen uzar ömrümiz,

Arkadag — nusgalyk ýoluny gurýar.

 

Şeýde halkyň ertirlerni nazarlap,

Ganat gerýär çuňňur jümleler, bentler.

Dörediji Ogluň tutumlaryndan

Gülleýär obalar, şäherler, kentler.

 

Watan topragyny jandan söýmegi

Owal ata-enem, duzum öwretdi.

Arkadagy bilen bagtyýar ülkäm,

Onuň bilen her syrgynym döwletli.

 

Bagta tarap barýan aýdyň ýollaryň,

Joşdurar kalbymy hoşnut mukamy.

Ýer ýüzünde ýeke-tägim, sygnanym,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany.

 

Ulaldym

 

Oba aýdymlarny diňläp ulaldym,

Söýdüm olaň sada sazlaşygyny.

Boýumy agama deňläp ulaldym,

Hem sarpalap geldim söz aşygyny.

 

Zähmet gaýnap duran ekinzarlyklar,

Taplady ýetginjek goşarlarymy.

Pessaý öwsen şemal ýadyma saldy,

Giň sähranyň goja ojarlaryny.

 

Mundan kemal alan nije ogullaň

Togaba gelenin gördüm nijeme.

Olar bir mähriban bakyp dymardy,

Baharyň lybasyn geýen güjüme.

 

Heniz düşünerden ejiz beýnimi,

Sowallara jogap idäp ulandym.

Atamyň pendine ygrarly bolup,

Günleriň yzyna düşüp ulaldym.

 

Kitap okamak

 

Kakamyň kitaply tekjelerini

Okap gelýärin men ýekänme-ýekän.

Bilmesem-de ýazyp-bozup oňaýly,

Ondan tapýan kalba ýaramly mekan.

 

Söz yşky berlene bardyr hormatym,

Men olaryň çagalykdan muşdagy.

Belki, geçendirem ylahy bize,

Duýgularyň gül-gunçaly yşnagy.

 

Okamakdan lezzet alýan elmydam,

Kitap — dünýäň matallarnyň çözgüdi.

Aň jahanda ýiti bolsa arzyly,

Paýhas bolsa goja dünýäň bürgüdi.

 

Baýnazar Baýhanow.

  • 123
  • 09.07.2020