MAKALA

«Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Žurnal hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň merdana pederlerimiziň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylyklary dogrusyndaky dürdäne setirleri bilen açylýar.

Žurnalyň ilkinji sahypalaryny bezeýän «Unudylmajak ýyllar» ady bilen berlen baş makalada türkmen esgerleriniň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylyklary, uruş ýyllarynda halkymyzyň tyldaky zähmet gahrymançylygy, zenanlarymyzyň arzyly Ýeňşiň gazanylmagyna goşan goşantlary barada söz açylýar. Şeýle-de makalada şu ýylyň 9-njy maýynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen dabaraly harby ýöriş, onda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasyndan edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagynyň ýurdumyza getirilmegi we merdana türkmen halkymyza hemişelik gowşurylmagy, 13-nji maýda bolsa, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebine mähriban atasy, ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň harby gulluk resminamalaryny gowşurmagy bilen bagly täsirli gürrüňler beýan edilýär. Makalanyň ahyrynda uruş weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň adyna aýdýan alkyşly sözleri bar.

Žurnalyň indiki makalasy «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň nusgalyk ýörelgesi» diýip atlandyrylyp, onda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli amala aşyrylýan işler, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagy bilen bagly maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Şol sanda makalada Garaşsyz döwletimiziň 25 ýylyň içinde oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöretmek bilen, dünýäniň abraýly halkara gurmalary bilen ýola goýan hyzmatdaşlygy, döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem durnuklylygy üpjün etmek boýunça durmuşa ornaşdyrýan möhüm işleri dogrusynda söhbet edilýär.

«Kanunçylyk binýadymyz rowaçly menzillerde» atly makalada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyna bagyşlap geçirýän maslahatlary, guralýan wagyz-nesihat çäreleri giňden beýan edilýär.

Onuň yzysüre berlen makala «Baýdak — bakylyga binýat» diýlip atlandyrylýar. Ol Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanýar. Makalada ýaşyl Tugumyzyň döreýiş taryhy, ondaky nyşanlaryň aňladýan manysy hakynda giňişleýin gürrüňler edilýär.

Akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden, onuň ussatlygyndan, danalygyndan söz açýan «Köňülde Watan yşky — başynda şygyr täji» makalada okyjylary duşundan geçirmeýär. Onda şahyryň paýhasa ýugrulan goşgy setirleriniň üsti bilen onuň beýikligi açylyp görkezilýär.

Žurnalyň nobatdaky «Sport — saglygyň sakasy» atly makalasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere, ýurdumyzda welosporty ösdürmekde durmuşa ornaşdyrylýan taryhy işlere bagyşlandy. Makalada welosportuň taryhy bilen baglanyşykly hem gyzykly maglumatlar berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlerden söz açýan «Ylmy ösüş — kämil geljegiň binýady» atly makalada täsirliligi bilen tapawutlanýar. Onda Türkmenistanyň Serhet institutynyň ylym dünýäsinde gazanýan üstünlikleri dogrusynda hem beýan edilýär.

«Unudylmaz uçurym dabaralary» adyna eýe bolan makala Watanymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw jaýlarynyň uçurymlaryny serkerdelige ugratmak dabarasyna, giň mazmunly «Sag git, aman gel, ogul!» atly makala bolsa, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminden bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak, şeýle-de ýetginjekleri harby gulluga kabul etmek boýunça geçirilýän dabaralara bagyşlandy.

Nobatdaky makala «Harby kasam — ykballaryň birleşmesi» diýlip atlandyrylyp, onda harby kasam, onuň mukaddesligi, harby kasama wepalylyk hakynda söz açylýar.

Şeýle-de žurnaldaky «Ýigitlik oýnuna galkdy göwünler, Bedewiň şanyna toýdur bu günler» atly makala milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bellenilip geçilen çärelere bagyşlandy. Onda serhetçileriň arasyndaky baýramçylyk şowhuny-da täsirli hem giňişleýin beýan edilýär.

«Esger kalby joşanda...» atly şygar berlen sahypalarda bolsa, Gullugymyzyň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň hem-de harby talyplarynyň döredijilik bilen meşgullanýanlarynyň iň gowy şygyr eserleri ýerleşdirildi.

«Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň web-saýtynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Gahrymanlar baky ýaşar gursakda» atly bäsleşigi barada söhbet edýän «Watansöýüjilik waspy döredijilik bäsleşiginde» atly makalada täsirliligi bilen okyjyny özüne çekýär. Makalanyň dowamynda eminleriň, bäsdeşleriň pikirlerine-de giň orun berlipdir. Şeýle-de söhbetli sahypalarda ýeňijileriň käbirleriniň eserleri hem dolulygyna ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň indiki «Harby lybasyna mynasyp ömür» atly makalasy bolsa, ömür örküni serhet goragyna bagyşlan halypa serkerdäniň gulluk ýoly hakynda söz açýar. Halypa serkerdäniň ömri — ýaş nesillerde watançylyk terbiýäni kemala getirmekde nusgalyk mekdep.

Nobatdaky makala «Dogumdan donly serdar» atly bolup, beýik şahsyýetlerimiziň biri Myrat serdar barada täsirli ýazylypdyr.

«Türkmen dilinde serhet adalgalarynyň sintaktik usul arkaly ýasalyşy» adyndan belli bolşy ýaly, türkmen dilinde serhet adalgalarynyň ýasalyşy hakyndaky ylmy makaladyr. Onda adalgalaryň sintaktik usul arkaly ýasalyşy mysallar arkaly delillendirilýär.

Giň mazmunly «Halkrara gatnaşyklarynda sanly ulgamyň ähmiýeti» atly makalada sanly ulgamyň ähmiýeti, onuň pudaklara ornaşdyrylmagy, şonuň ýaly-da halkara gatnaşyklaryny ýola goýmakda sanly ulgamyň peýdasy dogrusynda söz açylýar.

Žurnalyň ahyrky sahypalaryny «IQ test» psihologik tapmaçalar we «Hany, oýlanyp görüň!» atly krossword eýeleýär. Şeýle-de žurnalyň ahyrky sahypanyň iç ýüzünde ýerleşdirilen ýaňy ýakynda açylan «Altyn köl» dynça alyş toplumyna degişli gyzykly maglumatlar suratlar bilen bezelen. Serhetçileriň gulluk pursadyndan düşürilen ýaşyl sähralykdaky surat bolsa, žurnalyň ahyrky sahypanyň daşyny bezeýär. Sahypanyň daşynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň serhet goragy bilen bagly ajaýyp jümlesi hem bar.

Žurnalda ýerleşdirilen suratlar ýazylan makalalaryň ideýasyny açyp görkezmekde uly hyzmaty ýerine ýetirýär, şeýle-de žurnalyň gözelligini artdyryp, özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 209
  • 10.07.2020