MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim, ylym barada aýdanlaryndan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň öňde goýýan esasy wezipämiz bilimiň hilini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

***

Gün bolmasa, nur, kök bolmasa, daragt, ylym we bilim bolmasa, bagtyýarlyk bolmaz.

***

Ylym egsilmez hazynadyr.

***

Ýaşlarymyz beýik ynama, kompýuterleşdirilen bilimlere daýanyp, batyrgaý öňe gitmelidirler.

***

Ylym halk hojalygynyň, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň zerur meselelerini çözmäge gönükdirilmelidir.

***

Halkymyzyň geçmişini bilýän, döwletimiziň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, buýsanýan, jemgyýete, maşgala, dogan-garyndaşa, dost-ýara wepaly, ylymly-bilimli, berkarar Watanymyzy beýgeltmäge ukyply hakyky watansöýüji nesilleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr.

***

Ýaşlarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, okamagy, öwrenmegi, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan yzygiderli aladalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň bilim gorunyň kuwwatlanýandygynyň, ýurdumyzyň bilimler Diýary hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

***

Bilimleri we ylymlary durmuş ýörelgesine öwürmek, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny äleme ýaýmak merdana ata-babalarymyzyň arzuw eden berkarar döwletiniň geljekki eýeleri bolan ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.

***

Biz bilimleriň möçberiniň hemişe artýandygyna, geriminiň giňelýändigine şaýatlyk edýän halkara tejribesini nazara almalydyrys.

***

Başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň berkararlygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde, ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleri ýaş nesillerimiziň aňyna ýetirmekde, gujur-gaýratly, ylymly, bilimli we dörediji ýaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrmakda mugallym diýen belent ada mynasyp bolan watandaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr.

***

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmekde esasy sütünler bolan ylym we bilim ulgamlaryny düýpli özgertmek we güýçli depginler bilen ösdürmek esasy wezipämizdir.

***

Halkymyzyň eşretli, bagtyýar durmuşynyň gözbaşy ylym we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmekdedir.

***

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky täze başlangyçlar halkymyzyň ýagty geljegini üpjün etjek berk binýatdyr.

***

Ylym, bilim ulgamyna we beýleki ugurlara tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, innowasion syýasat bu gün — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde dünýä tanadandyr.

***

Garaşsyz Watanymyzyň beýik geljegi, berkararlygy kuwwatly ýaşlaryň biliminde, durmuşda gazanýan üstünliklerinde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir.

***

Ýaşlarymyzyň öňünde ädimme-ädim külterlenmeli ýollar, uly menziller, öwrenilmeli bilimler we çuňlaşdyrylmaly ylymlar ýatandyr.

***

Beýik maksat üçin — mähriban Watanymyzy dünýä ýüzünde şöhratlandyrmak, il-günümiziň bagtyýar durmuşy ugrunda okamak, öwrenmek, zähmet çekmek uly mertebedir.

  • 135
  • 15.07.2020