MAKALA

Ýeňil atletika — sportuň adamzadyň özi bilen ýaşytdaş görnüşi

Mekdepde okaýan döwrümiz ýaşynyň altmyşdan geçendigine garamazdan, gollary berdaşly, göwresiniň gujur-gaýraty egsilmedik, özem tutuş sapagy birjik-de dyzyny epmän aýak üstünde geçirýän bedenterbiýe mugallymymyz bir gürrüňinde: «Ýeňil atletika ähli sportuň şasydyr!» diýipdi. Bizem näme, futboldan başga sport bardyr, futbolda-da Messi bilen Ronaldodan başga oýunçy bardyr öýtmeýän 10-12 ýaşly okuwçylar bolamyzsoň, «A futbol näme?» diýenimizi duýman galdyk. Mugallymyň «Äý, siziň futbolyňyzyň döränine ýaňy iki ýüz ýyl boldy, ýeňil atletika bolsa tas adamzadyň özi bilen ýaşytdaş» diýip başlaýan düşündirişine şol wagt ähmiýet hem bermändik. Emma wagtyň geçmegi bilen mugallymymyzyň aýdanlarynyň dogrudygyny tassyklaýan maglumatlara kän gabat geldik.

Baryp, biziň eýýamyzdan öňki 776-njy ýylda Gresiýada geçirilen ilkinji Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan türgenler sportuň göreş, boks ýaly iki-ýeke görnüşleri bolaýmasa, esasan, ylgamak, uzak aralyga bökmek, naýza zyňmak, disk zyňmak, daş iteklemek ýaly ýeňil atletikanyň görnüşleri boýunça bäsleşipdirler. Mugallymymyň ýokardaky jümlesini ýeňil atletikanyň gadymylygy bilen baglanyşdyrdym. Emma beýle-de däl eken. Ýeňil atletikanyň sportuň şasydygyny tassyklaýan başga-da birnäçe maglumat bar.

Ýakynda ýeňil atletika boýunça hünärmenleriň biri bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Men ondan «Ýeňil atletika ähli sportuň şasydyr!» diýen gürrüň barada pikirini soradym. Asyl, ol şeýle gürrüňe garaşyp duran ýaly «Dagy näme!» diýdi. Onuň sesi şeýle bir çasly çykdy. «Diňe eýesinden birugsat çykan ses şeýle çasly bolup biler» diýip pikir etdim.

«Ýeňil atletika, esasan, üç zatdan durýar: güýç, tizlik, strategiýa» diýip, geň galyp özüne seredýänligimi aňan gürrüňdeşim söze başlady. «Şu üç zat şonuň üç sütüni. Indi sen aýt, şu üç zat sportuň haýsy görnüşinde ýok?» Men başymy ýaýkadym. Çünki onuň «üç sütün» diýýäni tutuş sportuň özeni ahyry. «Ana, görýäňmi? Ýeňil atletika sportuň özi diýseňem gaty bir öte geçdigiň bolmaz» diýip, ol ýylgyrdy. Soňra-da, çynlakaý keşbe girdi-de:

«Sportuň islendik görnüşinde ýerine ýetirilýän islendik maşky alyp göräý, hemmesinde ýeňil atletika bardyr. Şonuň üçinem, ene-atalar çagalaryny ilki ýeňil atletika berenlerini kem görenoklar. Çünki bu sport bilen meşgullanýan wagty, esasanam, ylganda adamyň beden agzalarynyň ählisi hereketde bolýar. Şeýlelikde, ýeňil atletikadan sportuň beýleki görnüşlerine geçmegem ýeňil düşýär», diýip meniň aňymda dörän sowallara ýekänme-ýekän jogap berdi.

«Häzirki wagtda Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletikanyň onlarça görnüşi boýunça ýaryşlar guralýar. Eger islendik ýurt sportuň beýleki görnüşlerine üns bermän, diňe ýeňil atletikany ösdürip, Olimpiýa oýunlarynda ýeňil atletika degişli ähli baýraklary eýelese, jemi 100 töweregi medal gazanar» diýip, sözüne dyngy berdi.

Degişli ugruň bilermenleriniň aýtmagyna görä, «Öňki Germaniýa Demokratik Respublikasy ýeňil atletika köp üns berip, güýçli atletleri taýýarlady. Netijede, GDR-iň ýygyndysy şol döwürde medal sany boýunça öňdäki orunlaryň birine düşmegi başarypdyr.

Bilermenleriň bu aýdanlary hakda esli wagtlap oýlanyp gezdim. Emma bu aýdylanlaryň entek hemmesi däldigi, ýeňil atletika hakda ýene-de gyzykly maglumatlaryň kändigi hakda pikir etdim. Munuň üçin bu ugruň tejribeli hünärmenleri bilen duşuşmaly we şu günki çykyşymy täze makala bilen dowam etmeli diýen karara geldim.

 

Aşyr Saparow,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

  • 109
  • 15.07.2020