MAKALA

Oguz hökümdarynyň gürzüsi

Astanababa obasyndan tapylan gürzi sap bürünçden ýasalypdyr. Onuň agramy 750 grama, uzynlygy 12, ini 8 santimetre barabardyr. Ýokarky böleginde Astanababa hem-de Alamberdar kümmetiniň depesindäki tegelek görnüşli binagärlik gurluşyny ýatladýan gümmezjik oturdylypdyr. Megerem, ol Günüň şekiline meňzedilip, dünýäniň çar tarapyna Oguz hanyň paýhas-parasadynyň nuruny çaýyp durandygyny alamatlandyrýar. Gürziniň gümmeziniň aşaky böleginde üzümiň gollary ýaly towlanyp gidýän görnüşde «goçak» nagşy halkalaýyn haşamlanypdyr. Mazmun taýdan biri-birine zynjyr ýaly ulaşyp gidýän bu nagyş sungatşynaslyk ylmynda «islimi» diýlip atlandyrylýar. Onuň mazmuny orta asyrlarda giňden ýaýran «bakylyk bagy», «jennetiň rysgal bereket bagy» diýen pelsepeden gözbaş alypdyr. Ruhy dünýämizde üzümiň şekili siňdirilen nagyşlaryň pelsepewi manysyna-da ähmiýet bermegimiz zerur. Sebäbi gadymy pederlerimiziň pähim-paýhasyna laýyklykda, behişdiň miwesi hasaplanylýan üzümiň şahalary we ýapraklary bagtyýar ýaşaýşyň eşretini, ylham joşgunyny hem-de ösüşleri aňladýar. Nagyşda üzümiň ýylan ýaly towlanyp gidýän gollarynyň ahyrynyň goçuň şahyna meňzedilen «goçak» nagşy bilen tamamlanmagy-da çuňňur mazmuna eýedir. Sungatşynaslyk ylmynda ýylan rysgal-berekedi, dowamaty, «goçak» nagşy, döwletiň, binýadynyň mizemezligini we berk goraglylygyny aňladýar. Şoňa görä-de, sungaty öwrenijiler «goçak» nagşyny, köplenç, Watan goragynda sak durýan edermen esgeriň çeper şekili hökmünde kabul edýärler. Özem üzümli goçak nagşy sekiz gezek gaýtalanýar. Mundan başga-da, gürziniň merkezi böleginde diş-diş edilip bölünen perleriň sekizisi ýerleşdirilipdir. Biziň pikirimizçe, perleriň sekize bölünmegi, ondaky nagşyň hem-de Allanyň adynyň sekiz gezek gaýtalanmagy Oguz hanyň nebereleriniň sekiz ganatyny — şejere daragtyny alamatlandyrýar. Bu barada belli edebiýatşynas A.Bekmyradowyň «Sadrançnama: Küşt sungatynyň taryhyndan» atly kitabynda öňe sürülýän pikir ünsi çekýär: «Küşt tagtasynda 64 öýjügiň mukdary sekiz bilen sekiziň köpeldilmeginden gelip çykýar. Türkmen el halylarynyň göllerinde, keçeleriň güllerinde hem «sekizgoçak» nagşy öwran-öwran gaýtalanýar. Munuň özi tötänlik däl. Ol Oguz hanyň nesil şejeresi bilen baglanyşykly».

Oguz hanyň döwlet nyşany hasaplanýan sekizburçlukda öz ömür dowamatyny tapan sekizlik gadymy oguz obalarynyň we suw akabalarynyň atlarynda hem duş gelýär. Mysal üçin, dilşynas S.Atanyýazow «Türkmenistanyň geografiki atlarynyň düşündirişli sözlüginde» Gökdepe etrabyndaky Sekizýabyň adynyň bir sakadan alnan suwuň sekiz oguz obasyna paýlanandygy bilen bagly dörändigini ýazypdyr. Akdepe etrabynda Sekizatlyk obasynyň, Kerki etrabynyň Daşlyk obasyndaky Sekizaryk atlarynyň döreýiş gözbaşlary hem ylmy gyzyklanma döredýär. Şu maglumatlar gürrüňi edilýän gürziniň Oguz hanyň paýhasy siňen ruhy ýörelgä eýerilip ýasalandygyna şek-şübhe goýmaýar.

Gürziniň aşaky böleginde arapça nash ýazuwynda «El-berr» hem-de «El-birr» diýen sözler gezekleşdirilip, sekiz gezek gaýtalanýar. «El-berr» sözi Allanyň 99 adynyň biridir. «El-birr» bolsa «sadyk, hormatly, adalatly, sahawatly, mylakatly» diýen manylary berip, gönüden-göni ony göteren hökümdaryň şanyna ýazylan alkyşnamadyr. Şu ýerde harplaryň ýazylyşynyň Watan goragynda sak duran esgeriň kamatyny suratlandyrýandygyna ünsi çekmegimiz zerur. Harplaryň şeýle äheňde ýazylyşy Owganystandaky Hyrat şäheriniň arheologiýa ýadygärliginden tapylan hökümdaryň aşhanasyna degişli XI asyr bilen senelenýän gabyň ýüzünde, şeýle hem «Gadymy Merw» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndaky Muhammet Ibn Zeýdiň kümmetiniň ýüzündäki gadymy nagyşda duş gelýär. Mälim bolşy ýaly, şu kümmet 1112-nji ýylda Merwiň hökümdary Şerifeddin abu Tahyryň tagallasy bilen gurlupdyr. Harplaryň ýazylyşyndaky şeýle meňzeşlikler, şonuň ýaly hem, gürziniň metalynyň işleniş tehnologiýasy, haşamlanan nagyşlara siňdirilen pelsepewi mazmun, onuň Beýik Seljuklar zamanasyna, ýagny XI — XII asyrlara degişlidigini tassyklaýar.

Görnüşi ýaly, täze tapylan gürzi Watanymyzyň şan-şöhratly taryhynyň täze sahypasyny açýar. Tapylan sekiz perli gürziniň nusgasy diňe bir biziň döwletimizde däl, eýsem, Beýik Seljuk şadöwletiniň çägine giren ýerleriň hiç birinde-de henize çenli ýüze çykarylmandy. Şoňa görä-de, bu tapyndy dünýäniň harby taryhyny öwreniş ylmy üçin hem örän gymmatlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleriniň esasynda 2020-nji ýylyň ýazky möwsüminde geçirilen ylmy barlaglarda halkyň arasyndan toplanan etnografiýa gymmatlyklary bilen bilelikde, gadymy Astanababa obasyndan tapylan bürünçden ýasalan gürziniň dabaraly tanyşdyrylyşy Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirildi we bu täsin gymmatlyk agzalan mirashana tabşyryldy. Şu günler üstünden müňlerçe ýyly geçirip, görküni ýitirmän biziň günlerimize ýeten milli baýlyklarymyzy synlamaga gelýänleriň, olaryň taryhy, ýasalyş tehnologiýasy, çeper-bezeg aýratynlyklary bilen gyzyklanýanlaryň sany barha artýar.

 

Agamyrat Baltaýew,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf.

  • 115
  • 15.07.2020