MAKALA

Arquus täze Fortress Mk 2 taktiki ulagyny çykardy

Fortress Mk 2 — örän agresssiw hem-de juda gowy goraglanan, häzirki we geljekki isleg-talaplara laýyk getirilen ýokary öndürijilikli döwrebap ulag serişdesidir. Ykjamlyk, kuwwatlylyk we goraglylyk ýaly köp maksatlary bir özüne birikdiren bu ulag serişdesi Arquus-yň hyzmatdaşlarynyň we müşderileriniň isleglerini kanagatlandyrmak üçin işlenilip taýýarlanylandyr.

Fortress Mk 2 — ýolsuz ýerlerde sürmeklik, şeýle-de özbaşdak asmanyň we köpýyllyk tejribeleriň netijesi bolan barlagdan geçirilen şassileriň kömegi bilen päsgelçilikleri ýeňip geçmeklik ýaly islendik şertler üçin niýetlenen ýeňil awtoulag serişdesidir.

Fortress Mk 2-de Mk 1-iň 6 silindrli 340 güýçli hereketlendirijsi oturdylyp, sagatda 120 km ýol geçmäge ukyplydyr. Onuň aýratyn ykjamlygy we içki gurluşy (konfigurasiýasy) söweşjeň toparyň we olaryň enjamlarynyň islendik ýere ýokary derejedäki rahatlyk bilen howpsuz gatnawyny üpjün edýär. Şeýle-de, söweşjeň hereketler başlamazdan ozal, olaryň fiziki we akyl ýagdaýyny üpjün edýär.

Fortress Mk 2-ä 7,62 mm, 12,7 mm, 14,5 mm kalibrli goralýan tegelek el sapançalary, granatomýotlary saklaýjylary ýa-da akustiki we lazer gurallary (detektorlary) ýaly giň gerimli ýarag ulgamyny ýerleşdirip bolar.

  • 103
  • 15.07.2020