MAKALA

Synaglara nähili taýýarlanmaly?

Orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde synaglara taýýarlyk görmegiň täsirli usullary barada internet sahypalarynda hem peýdaly maslahatlar köp. Bilermenleriň tassyklamagyna görä, islendik bir zatda netije gazanmak üçin oňa görülýän taýýarlyk işi esasy talap bolup durýar. Bellenilişi ýaly, synaglara taýýarlyk döwrüni dogry ulanmak oňat netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Şunda «Synaglara nähili taýýarlanmaly? Nähili taýýarlanamda has ýokary netijeler gazanaryn?» — diýlen ýaly sowallar ýüze çykýar. Geliň, bilermenleriň maslahat berýän synaglara taýýarlanmagyň has oňaýly usullary bilen tanşalyň!

1. Aram-aram okaýan ýerleriňizi çalşyň!

Käwagt okaýan ýeriňi üýtgetmek beýnini işjeňleşdirip biler. Bilermenleriň bellemeklerine görä, şol bir okalga ýeri öwrenijini ýadadyp biler. Şonuň üçin hepdäniň başyny öýde okaýan bolsa, hepdäniň aýagyny kitaphanalarda okamak maslahat berilýär. Islendik bir şäherdir obada birnäçe kitaphanalar bar. Siz muny etmek bilen täze maglumatlary tapyp, olary tiz öwrenip bilersiňiz.

2. Okuw wagtyňyzy dogry peýdalanyň!

Ilki bilen okuw wagtyňyzy dogry peýdalanmak möhümdir. Çünki her bir adamyň beýnisi dürli wagtda maglumaty tiz toplamaga ukyplydyr. Käbir adam günüň birinji ýarymynda gowy okap, öwrenip bilýän bolsa, beýlekiler günüň ikinji ýarymynda bu ugurda has işjeň bolýarlar. Şonuň üçin size okaýan wagtyňyzy dogry peýdalanmak maslahat berilýär. Wagtyňyzy dogry peýdalanmak bilen siz öz beýniňiziň maglumat alýan wagtyny uýgunlaşdyryp, ony gün-günden işjeňleşmegine getirip bilersiňiz.

3. Arakesme alyň!

Adam beýnisiniň 30-40 minutdan soňra maglumat alma ukyby peselýär. Şonuň üçin her 30-40 minutdan 10-15 minut arakesme almak, siziň işjeňligiňizi ýokarlandyryp biler. Arakesmäniň dowamynda witamine baý önümler bilen iýip-içmek ýa-da bir salym arassa howada daşarda ýöriş etmek ýa-da bolmasa saz diňlemeklik maslahat berilýär.

4. Wagtly-wagtynda ukyňyzy alyň!

Eger beden uky isleýän bolsa ýatmak maslahat berilýär. Çünki ukusy gelýän adamyň beýnisi maglumat toplamak ukybyny peseldýär. Tomus paslynda günüň beýleki pasyllara garanyňda has uzyndygy göz öňüne tutulyp, günorta wagtynda 1 sagatlyk uky almak, öýlänki işjeňligi artdyrýar. Lukmanlar agşamky ukyny 22:00-dan irden 6:00-a çenli almagy maslahat berýärler.

5. Köpräk suw içiň!

Synaglara taýýarlykda ýa-da synag wagtynda suw içmeklik beýnini köşeşdirip, aljyramazlyga getirip biler. Onsoňam, suwuň düzümindäki witaminler biziň ýatkeşligimizi güýçlendirýär. Lukmanlar gaýnan limonly suwlary hem içmegi maslahat berýärler.

  • 116
  • 19.07.2020