MAKALA

Möjek hilesi

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Soltandeşt we Daşly atly meýdanlarynda bolanymyzda, Aýnazar çopanyň goşunda düşledik. Jahan ýagtylmanka, säher bilen Gurban atly başga bir çopan geldi-de, bakýan goýunlaryna gije möjekleriň darandygyny aýdyp, bizden kömek sorady. Aýnazar aga bu hilegär möjekleriň edýän hereketlerine belet bolansoň, takmynan, olaryň indiki çozjak ýeriniň hasabyny çykardy. Kimiň näme iş etmelidigi barada maslahata oturdyk, bir awtoulag, üç motor, alty adam bolup, ýaňky möjekleriň geljek ýerindäki goýun agylyna bardyk, ol agylyň ýerleşýän ýeri bir depäniň gyrasy bolup, ol depäniň üstünde bolsa çopanyň çatmasy bar ekeni.

Biz ol ýere baryp, möjekleriň gijeki çozuşynyň öňüni almak maksady bilen, güýçli ýagtylandyryjy çyra taýýarladyk. Beýleki zerur çäreleri hem görenimizden soň, şamlyk naharymyzy edindik-de, iki topara bölünip nobatçylyk gurnadyk. Daňa golaý nobatçymyzyň gohuna hemmämiz zöwwe galyp, çyralary ýakdyk. Seretsek, bir daýaw möjek goýunlara topuljak bolup duran eken. Derrew motorly, awtoulagly, itli oňa tarap hüjüme geçdik. Möjek bada-bat gaçmak bilen boldy, biz bolsa ýerli-ýerden ony gabamakçy bolup yzyndan kowup barşymyza agyldan ep-esli arany açdyk. Meýdan çarkandak bolansoň, ony kä ýitirsek, kä tapýardyk. Birdenkä Aýnazar aga: «Duruň oglanlar, biz aldawa düşdük öýdýän» diýdi-de, gyssagly yzymyza dolanmalydygymyzy aýtdy.

Goşa gelsek, ol ýerde goýup giden çopanymyz reňkini ak tam edip, sesini sandyradyp gürledi:

— Siz möjegiň yzyndan kowup gideniňizden soň, üç sany ýyrtyjy möjek peýda bolup, arkaýyn goýunlara darap gitdi. Aýnazar aga ahmyrly hyrçyny dişledi:

— Häk, hälki möjegiň bizi goşdan daşlaşdyrmak üçin gaty ýyndam gaçman eden hereketini giç aňdym. Olar biziň ýalňyşymyza düşünendigimizi-de bildiler, indi bu golaýda gara bermezler.

Hakykatdan-da, gaýdýançak ýekeje çopanam möjek bar diýmedi. Bize al salan möjekleriň öňem ençeme gezek şeýle sapalak atandyklaryny bolsa başga çopanlardan hem eşitdik.

Ýene bir şaýat bolan geň wakamyz:

— Daşoguz welaýatynyň Zeňňibaba çöketliginde möjegiň ap-ak reňklisini gördük. Diýseň owadan görünýän ol möjek haýbatlydy, dogumlydy, gorky-ürkini bilmeýärdi. Ol bize az salym seredip durdy-da, öz ugruna gözden ýitip gitdi. Şol ýerdäki çopanlardan soranymyzda, häli-häzire çenli ak möjegiň mal sürüsine daran gezeginiň bolmandygyny aýtdylar.

Köplenç, süri bolup ýaşaýan möjekler taýyna örän wepaly bolup, hiç haçan aýrylmaýarlar. Ömür saly 15-20 ýyla çenli bolan möjekler ýykylan uly agaçlaryň kökleriniň düýbünde, baýyrlaryň, daglaryň eteklerinde süren gazyp ýaşaýarlar.

 

Kadyrguly Annagulyýew,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň

Ekologiýa we ylym bölüminiň müdiri.

  • 76
  • 19.07.2020