MAKALA

Türgenleşikler üstünligiň güwäsi

Ylmyň we tehnikanyň günsaýyn ösýän döwründe, söweşjeň ýaraglaryňdyr tehnikalaryň dürli görnüşleriniň bardygyna garamazdan, başa-baş söweş görnüşleri hem birjik-de ünsden düşürilenok. Gullugymyzyň «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümleriniň edermen serhetçileri başa-baş söweş görnüşleriniň el söweşi boýunça türgenleşiklerini yzygiderli geçirýärler. El söweşi garşydaş bilen ýüzbe-ýüz söweşilen ýagdaýlarynda dürli el emelleriniň üsti bilen, olaryň sowuk ýaraglaryndan goranmaga, şeýle-de çeýelik hem çalasynlyk bilen garşydaşyňy basypýatyrmaga ýardam berýär. Hut şu nukdaýnazardan hem serhetçileri el söweşine ugrukdyrmakda Gullugymyzda uly tagallalar edilýär. Esasy bellemeli zat hem, el söweşi sportuň bir görnüşi diýlip hasap edilip, bu boýunça ýaryşlar serhetçileriň we beýleki harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary bilen yzygiderli geçirilýär. Şol ýaryşlarda biziň «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümlerimiziň ezber türgenleri baýrakly orunlary eýeleýärler. Bu bolsa Gullugymyzda edermen ýigitleriň Watana wepalylyk, harby kasama ygrarlylyk bilen gulluk edýändiklerinden habar berýär.

 

Myratgeldi Hallyýew.

  • 117
  • 19.07.2020