MAKALA

Türkmeniň pälwan ogluny ýatlap...

Aziýanyň, Ýewropanyň we dünýäniň birnäçe gezek çempiony, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkeziniň işgäri, polisiýanyň kapitany Altymyrat Orazdurdyýew sportuň agyr atletika görnüşi boýunça türkmen halkynyň adyny dünýä tanatdy. Türkmen sportunyň ussady Altymyrat 1969-njy ýylyň 16-njy iýunynda Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda dünýä indi. Ol 1976-njy ýylda obalaryndaky mekdep-internatyň 1-nji synpyna okuwa bardy. Altymyrat agasy Orazberdi Orazdurdyýewiň tälimçilik edýän sport mekdebine ilki tomaşaçy bolup gatnady, soňra şol ýerde tälim aldy.

Altymyrat heniz 13 ýaşyndaka 32-35 kilograma çenli agramda çykyş edip, silterläp götermekde 30 kilogramy, itekläp götermekde 40 kilogramy, jemi 70 kilogramy göterip, türgenleşýän sport mekdebiniň ilkinji uly ýaryşynda 1-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, Altymyrat daşyndan agyr görünýän daşlary götermegiň özi üçin kyn düşmeýändigine göz ýetirdi.

Geljekki çempion 7-nji synpy tamamlandan soňra, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa sport mekdebine giriş synaglaryny tabşyryp, synaglardan üstünlikli geçip, 8, 9, 10-njy synplary şol ýerde okady. 1986-njy ýylda Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolan Altymyrat 1987-nji ýylda Aşgabat şäherinde sportuň agyr atletika görnüşi boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda 67 kilograma çenli agramda çykyş edip, 187 kilogramy göterip, ýaryşa gatnaşyjylary haýrana goýdy. Şonda ol öňki SSSR-iň çempiony boldy.

Tebigy ukyby bilen gün-günden täze ýeňişlere höweslenýän Altymyrat 1989-njy ýylyň maý aýynda Amerikada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda altyn medaly eýeledi. Ol şol ýylyň noýabr aýynda Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherinde ulularyň arasynda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä ýaryşynda 76 kilograma çenli agramda çykyş edip, silterläp götermekde 160 kilogramy we itekläp götermekde 202,5 kilogramy göterip, Hormat münberiniňiň ýokary basgançagyna çykdy. Şonda oňa Aşgabat şäherinden ýaşaýyş jaýynyň açary we awtoulag sowgat berildi.

Türkmen sportunyň ussady Altymyrat 1990-njy ýylda öňki SSSR-iň ýygyndy toparynda türgenleşikde wagty lukmanyň barlagyndan geçende, lukmanlar oňa bir böwreginiň has kiçidigini, eger demir götermegini dowam etse,  saglygyny ýitirjekdigini aýdýarlar. Emma özüniň geljegini demirden aýry görmedik Altymyrat bu habary gulagynyň duşundan geçirip goýberdi.

Türkmeniň merdana ogly Altymyrat 1990-njy ýylda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen Dünýä ýaryşynda 82,5 kilograma çenli agramda çykyş edip, silterläp götermekde 172,5 kilogramy, itekläp götermekde 205 kilogramy göterip, dünýäniň çempiony boldy. Şol  ýyl Altymyrat Daniýanyň Olborg şäherinde geçirilen Ýewropa çempionatynda hem altyn medal bilen sylaglanyldy. 1991-nji ýylda Polşanyň Wladyslaw şäherinde geçirilen Ýewropa çempionatynda Altymyrat bilen bäsdeşlige biri-birinden güýçli jemi 24 türgen gatnaşsa-da, ol özüniň demir götermek üçin dünýä inendigini we öz agramynda ýeke-täkdigini subut etdi. Şeýlelikde, A.Orazdurdyýew Watanymyzyň sport älemindäki taryhyna ýene-de bir altyn medaly goşant etdi.

Özüniň yhlasy bilen myradyna ýeten Altymyrat Orazdurdyýew 1989-njy ýylda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat haty bilen, 1990-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» we 1993-nji ýylda «Gaýrat» medallary, 2016-njy ýylda bolsa, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Aziýanyň, Ýewropanyň we dünýäniň telim gezek çempiony bolan Altymyrat Orazdurdyýew şu mukaddes topragy hiç bir zada, hatda baýlyga hem çalyşmady. Watanymyzyň wepaly ogly Altymyrat daşary ýurtlardan gelen birnäçe teklipleri: «Men şu topragyň ogly, şu topraga-da gulluk ederin» diýen, jogap bilen yzyna gaýtaran mertleriň biridi. Gysgajyk ömründe aklyňa-oýuňa gelmejek ýeňişleri gazanan Altymyrat Orazdurdyýew 1997-nji ýylyň 7-nji martynda bu dünýä bilen baky hoşlaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Altymyrat Orazdurdyýewiň doglan obasynda kämil sport mekdebi gurlup  ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda şol sport mekdebinde agyr atletikaçy türgenler tälim alýarlar. Altymyrat Orazdurdyýewiň 1988—1994-nji ýyllar aralygynda geçirilen dürli ýaryşlarda gazanan kuboklary we medallary häzirki wagtda Türkmenistanyň Baş muzeýinde saklanylýar.

 

Şageldi Salyhow,

Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň ýaşaýjysy.

  • 120
  • 19.07.2020