MAKALA

Hazyna öwrülen ritonlar

Her bir işde üstünliklere, ösüşlere ýetmek üçin hünärmenleriň her biriniň kesp-kärini söýmegi, işine yhlas bilen ýapyşmagy hökmany bolup durýar. Taryhy öwrenmekde, gazuw-barlag işlerini geçirmekde, taryhyň syrly sahypalaryny öwrenmekde arheologlara, sungaty öwrenijilere we taryhçylara hem öz kärine bolan söýgüsi, yhlasy uly güýç berýär. Bu hakykata Parfiýa şadöwletiniň merkezi bolan, şeýle hem 2007-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Köne Nusaý galasynda geçirilen gazuw-barlag işleriniň netijeleri arkaly hem göz ýetirmek bolýar.

Köne Nusaý galasynda 1930-njy ýyllardan başlap gazuw-barlag işleri geçirilip başlanýar we 1940-njy ýyllarda bu iş has ýygjamlaşýar. 1948-nji ýylyň güýzünde Köne Nusaý galasynyň demirgazyk böleginde gazuw-barlag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şol maksat bilen M.E. Massonyň ýolbaşçylygynda GTATT-nyň (Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn topary) alymlary 1948-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Köne Nusaý galasynyň demirgazyk böleginde ýerleşýän hazynahananyň otaglarynda gazuw-barlag işlerine başlaýarlar.

Şol ýylyň 25-nji sentýabr güni bu hazynahananyň otaglarynyň birinde barlag alyp barýan alym T.Ýakuşewa ýüzünde heýkeller şekillendirilen şirmaýydan ýasalan şah görnüşli gymmatlyklaryň üstüni açýar. Bu ýere ylgaşyp gelen arheologlar üýtgeşik tapyndylary, ýagny ritonlary görüp haýran galýarlar, juda begenýärler. Ýöne 2000 ýyllap ýeriň aşagynda ýatan täsin tapyndylary ellemek hakynda-ha gürrüňem ýok, hatda howanyň, ýeliň täsirine hem olar pytrap biljekdi. Howsala düşen alymlar toparyň ýolbaşçysyna hem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna hem, Moskwadaky alymlara hem habar ýollaýarlar. Alymlar pytrap barýan ritonlary nädip ýerden çykarmalydygy barada belli bir netijä gelýänçäler, tapyndylaryň üsti gum bilen örtülýär, bu ýerde gije-gündiz nobatçylyk ýola goýulýar. Moskwanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň hem-de Sankt-Peterburgdaky Ermitaž muzeýiniň ökde rejeleýjileri çagyrylýar. Emma 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabat şäherindäki pajygaly waka, ýagny güýçli ýer titremesi garaşylmadyk heläkçiliklere sezewar edýär. Köne Nusaý galasynyň golaýynda ýerleşýän Täze Nusaý galasynyň beýikligi 11-12 metre ýetýän gadymy diwarlary ýykylýar. Köne Nusaý galasynyň diwarlary ýykylyp, bu ýerden ýüze çykarylan köp sanly tapyndylar weýran bolýar. Ekspedisiýanyň işini mejbury togtatmaly bolýar, bar bolan ylmy maglumatlar Daşkende ugradylýar. Daşkentde arheologlar Köne Nusaýda üsti açylan ajaýyp tapyndylar barada, ýüzünde heýkel şekilleri bolan şirmaýydan ýasalan önümleri ýerden çykaryp boljak-bolmajagynyň gümanadygyny, eger çykarylaýsa-da, bary-ýogy 4-sini dikeldip bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Howanyň sowuklygyna garamazdan, 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-ine arheologlar Bagyra gelýärler. Olar öňki gömlüp giden tapyndylaryň üstüni açanlarynda, ritonlaryň gözgyny ýagdaýdadygyna göz ýetirýärler. Ritonlar bir-biriniň üstüne taşlanan görnüşde eken. Bu ýerde ösýän ýabany ösümligiň kökleri hem olara çyrmaşypdyr. Ritonlary ýerden seresaplylyk bilen çykarmak üçin arheologlar jan edýärler.

Ilki bilen olaryň üstündäki gumy ýuwaşlyk bilen aýyrýarlar. Soňra olary duran ýerinde arassalap başlaýarlar. Arheologlar tarapyndan arassalanan her bir tapyndynyň üstüne duran ýerinde selluloidli ýelim guýulýar, sebäbi ara salym salsaň, hatda Köpetdagdan gelýän şemal hem şekiljikleri küle öwrüp biljekdi. Bu ýelim gaty çalt gataýar hem-de önüme siňmän, diňe daşyny ýukajyk gabyk bilen örtüp, ony pytratman saklaýar, soňlugy bilen bu ýuka ýelim gabygyny aýryp hem bolýar. Ýelimlenen önümiň ölçegi alynýar we suraty kagyz ýüzüne geçirilip, ýene üsti gum bilen örtülýär. Şeýdip ýuwaş-ýuwaşdan ritonlaryň ýerde ýerleşişi öwrenilýär. Gijelerine ritonlaryň ýerleşýän ýeri kagyz, pagta, kleýonka, brezent bilen örtülip, bu ýerde garawulçylyk edilýär.

Şol ýylyň 2-nji noýabr güni agşamara Köpetdagyň aňyrsyndan gara bulutlar görnüp başlaýar. Açyk asmanyň astyndaky hazynany çaltrak ýagyş-ýagmyrdan halas etmelidi. Ertesi ir bilen arheologlar ritonlary ýerden çykarmagyň ugruna çykýarlar. Ritonlary duran ýerinden gozgaman, daş-töweregindäki gumy bilen bile üstünden ýelim guýup berkidip, ýuwaşlyk bilen çykarýarlar we onuň daşyna pagta goýup, ýüp bilen daşyny aýlap, gyzdyrylan parafini üstünden guýup berkidip, tapyndylary ýerden çykarmaga synanyşyp başlaýarlar. Şeýle usul bilen iki bölek riton daşyna çykarylýar. Günüň ikinji ýarymynda bolsa ökde rejeleýjiler A.W. Kirýanow we W.N. Kononow ýetip gelýär. Rejeleýjiler tarapyndan BF-4 atly ýörite ýelim we birnäçe erginler bilen tapyndylar duran ýerinde daş-töwereginiň gumy bilen bile berkidilip, ýerden çykarylyp başlanýar. Bir-biri bilen ýelmeşip duran ritonlary iki-ikiden çykarmaly bolýar. Rejeleýjiler şirmaýydan ýasalan şular ýaly ajaýyp eserleriň entek hiç ýerden tapylmandygyny aýdyp, arheologlary bu üstünlik bilen gutlaýarlar.

Şol ýylyň noýabr aýynyň ortalaryna howa has hem sowaýar. Howanyň sowuklygyna seretmezden, birnäçe hünärmenler gijelerine daşarda gurlan çatmada ýatmaly bolýar. Emma bu kynçylyklara garamazdan, alymlar her gün irden agşama çenli işlerini dowam etdirýärler. Şeýlelikde 2 kub metr ýer gazylyp, içindäki hazyna halas edilýär. Bu ýere ýanaşyk ýerde hem ritonlar bar eken. Ýöne olaryň üstüniň aýrylmandygy sebäpli, howa maýlanda, ýaz paslynda gazyp almak meýilleşdirilýär.

20-nji noýabrda arheologlar işini tamamlaýarlar. Rejeleýjiler rejeleýiş işlerini geçirmäge synanyşmak üçin birnäçe ritonlary alyp, Moskwa we Sankt-Peterburga ugraýarlar. Beýleki tapyndylar bolsa Daşkentdäki Merkezi Aziýa döwlet uniwersitetiniň arheologiýa bölümine wagtlaýyn saklamaga tabşyrylýar. Bagyrda geçirilen ýygnakda W.N. Kononow we A.W. Kirýanow hazynadan çykarylan tapyndylaryň köp böleginiň döwlüp ýenjilendigine garamazdan, olaryň ýarysyny dikeldip bolar diýen netije bilen çykyş edýär. Ýöne rejeleýjiler garaşylyşyndan hem gowy netijeler gazanmagy başarýarlar. Şeýlelikde, ritonlaryň köp bölegi dikeldilýär, bir riton bolsa ýerden çykarylan görnüşinde saklanyp goýulýar.

1949-njy ýylyň ýaz paslynyň maýyl günleriniň başlanmagy bilen, Köne Nusaý galasynda galan ritonlary halas etmek üçin arheolog M.S.Merşiýew, kömekçi N. Konaşonok dagy bu ýere ugradylýar. Maý aýynda olar işini üstünlikli tamamlap, ýene-de 7 ritony, 12 riton böleklerini, 3 heýkelli sahna böleklerini tabşyrýarlar.

Ritonlary dikeltmegi arzuw eden alymlar kyn işi nähili ýerine ýetirmelidigini maslahatlaşyp, dikeldiş işlerine başlaýarlar. Ritonlaryň ýüzündäki relýef şekilleri ýörite iňňe we enjam bilen arassalanyp, ilki spirt çalynýar. Soňra ýörite ýelim bilen ýelimlenip, wagtyň geçmegi bilen, piliň süňki garalmaz ýaly, ýene-de spirt çalnypdyr. Soňra gaty kagyzdan ýa-da berk matadan ritonyň iç ýüzüniň ülňüsi taýýarlanyp, onuň ýüzüne ritonyň halas edilen bölekleri ýelmenipdir, bitinligine saklap bolan ritonlaryň hem içini berk mata bilen berkidipdirler. Ritonlary dikeltmekde we berkitmekde ýelimleriň we erginleriň birnäçe görnüşleri ulanylypdyr. Dikeldilen her bir bölek surata düşürilipdir. Rejeleýiş işleri 1951-nji ýylyň ortalaryna çenli dowam edýär we umumy 46 riton dolulygyna, birnäçe ritonyň sahna şekillendirilen bölekleri dikeldilýär.

Arheologlaryň we rejeleýjileriň dürli kynçylyklara döz gelip ýeten üstünlikleri taryhyň sahypasynda öçmejek yz galdyrdy. Olaryň halas eden gymmatly hazynasy Türkmenistanyň Döwlet me­deniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelen her bir tomaşaçyny haýran galdyrýar. Ritonlaryň ýüzündäki heýkelli sahnalar bolsa Parfiýanyň taryhyny öwrenmekde taryhçylar üçin gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä ýüzünde ajaýyp sungat eserleri diýlip yglan edilen Nusaý ritonlary Parfiýa şadöwletiniň nyşanyna öwrüldi.

Milli mirasymyza, taryhy ýadygärliklerimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde gazuw-barlag işleri alnyp barylýar. Bu işleriň netijesinde tapylan tapyndylar dünýä alymlary bilen bilelikde ylmy taýdan öwrenilýär. Olaryň netijesinde bolsa ýurdumyzyň taryhynyň syrly sahypalary halka ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, türkmen arheologlary we alymlary ata-babalarymyzdan miras galan taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmekde uly işleri amala aşyrýarlar.

 

Ogultäç Saşliýewa,

«Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary.

  • 108
  • 19.07.2020