MAKALA

BAE-niň «Milanion» kompaniýasy AGEMA sürüjisiz ýerüsti ulagyny (SÝU) köpçülige hödürledi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen «UMEX – 2020» halkara sürüjisiz ulgamlaryň sergisinde ýurduň «Milanion» kompaniýasy AGEMA sürüjisiz ýerüsti ulagyny köpçülige hödürledi.

«Milanion-yň» 8x8 kysymly uzak ýol geçijilik ukyby bolan AGEMA-sy — dünýä derejesinde barlagdan geçirilen tehnologiýalar we aýratynlyklar bilen enjamlaşdyrylyp, birnäçe howply tabşyryklary ýerine ýetirmek üçin niýetlenen doly işlenip taýýarlanylan manýowrly ýerüsti sürüjisiz ulagy.

AGEMA SÝU-da Awstraliýanyň EOS kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanylan we öndürilen uzakdan dolandyrylýan R400S - Mk2-HD ýarag stansiýasy oturdylandyr. Onuň başnýasy 30 mm kalibrli ATK M230 LF topy we 7,62 mm kalibrli koaksil GPMG bilen ýaraglanandyr. Onda goşmaça tanka garşy raketany ulanyp bolýar. Uzakdan dolandyrylýan bu awtoulag guryýer goşunynyň güýjüne güýç goşýar: döwrebap datçikleriň kömegi bilen hadysalar barada habardar edýär; gapma-garşylygyny artdyrýar; aýratyn hem ýeňil bronetehnikalaryň garşysyna netijelidir.

  • 107
  • 19.07.2020