MAKALA

Türkmenistanyň Serhet institutynda talyplyga dalaşgärleriň synaglary dowam edýär

Üstümizdäki ýylyň 3-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli resminamalara gol çekdi. Şol resminamalara laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu möhüm we jogapkärli işe Türkmenistanyň Serhet institutynda-da giň gerim berlip, bu çäräni talabalaýyk alyp barmak üçin, zerur taýýarlyk işleri geçirildi. Institutda dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi gyzgalaňly ýagdaýda alnyp baryldy. Geçen ýylkylara garanyňda, bu ýyl talyplyga dalaşgärleriň sany ep-esli artdy. Serhet institutymyzyň resminamalary kabul ediş toparyna gelip gowşan talyplyga dalaşgärleriň ýüzlerçe resminamalary muňa ýeterlik delildir. Elbetde, bu milli Liderimiziň ýaş nesliň ylymly, bilimli bolmagy ugrunda durmuşa ornaşdyrýan döwletli işleriniň netijesidir.

Şu günler ýurdumyzyň beýleki okuw jaýlary bilen birlikde, Türkmenistanyň Serhet institutynda-da dalaşgärleri okuwa kabul etmek üçin synaglar alnyp barylýar. Biri-birinden zehinli dalaşgärleriň arasyndaky synaglar ýiti çekeleşikli häsiýetde dowam edýär. Munuň üçin has ýiti zehinlileri saýlap almak maksady bilen ýörite topar düzülip, ony tejribeli mugallymlar düzýär. Bu bolsa synaglary adalatly ýagdaýda geçirmäge uly itergi berýär. Şeýle-de synaglar döwrüni üstünlikli geçirmek üçin, ýokary derejede guramaçylyk çäreleri görüldi. Guramaçylyk çäreleriniň oýlanyşykly guralmagy synaglar döwrüni bökdençsiz geçirmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Biz hem Serhet institutynyň işgärler düzümine şeýle jogapkärli wezipelerinde üstünligiň hemra bolmagyny diläp, dalaşgärlere bolsa şowlulygyň ýaran, zehinleriniň ýiti bolmagyny arzuw edýäris.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 109
  • 20.07.2020