MAKALA

Aldama meni

Gözleňden bilýärin seredeniňde,

Süýji sözüň bilen aldama meni!

Gepiňden aňýaryn dilleneniňde,

Jady gözüň bilen aldama meni!

 

Kalbyňda alawlap ýansa-da söýgi,

Gizlejek bolýarsyň aýnaýar duýgy,

Eşretiň ýerine çekýärsiň gaýgy,

Ýakan közüň bilen aldama meni!

 

Islegiň bolsa-da bahana tapýaň,

Nämedir bir zada gorkuly bakýaň,

Kalbyňda gaý, tupan, harasat gopýar,

Bahar-ýazyň bilen aldama meni!

 

Kalba nagyş hala çiten gölleriň,

Meni Mejnun etdi maral gözleriň,

Ynam gämisinde söýgi kölleriň,

Guwa-gazyň bilen aldama meni!

 

Ýatlagyn meni

 

Kalbyň gaýgy-gama gaplanan çagy,

Bakan gözlerimi ýatla, ezizim!

Ýürekden syzylyp, çykanda agyň,

Aýdan sözlerimi ýatla, ezizim!

 

Eger bir gün dünýä sygman gezeňde,

Ýatlamalar ýürek-bagryň ezende,

Gül ýüpek köýnegiň bilen bezende,

Gezen yzlarymy ýatla, ezizim!

 

Men seniň ýanyňda hemişe bolman,

Aýralyga döz gelewer ýaýdanman,

Gulak goý, sen meniň şu aýdanyma,

Geçen ýazlarymy ýatla, ezizim!

 

Günler geçer ömür ýumagyn sarap,

Ykbal oýny deger käte yrsarap,

Ýadygärlik galan surata garap,

Oýun-bazlarymy ýatla, ezizim!

 

Çarymyrat Saryýew.

  • 117
  • 20.07.2020