MAKALA

«Saglyk — bahasyz baýlyk» atly hepdelik geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde we serhet birikmelerinde serhetçileriň arasynda sagdyn durmuşy has-da berkitmek maksady bilen, «Saglyk — bahasyz baýlyk» atly hepdelik geçirildi. Turuwbaşdan işjeň häsiýete eýe bolan hepdeligiň çäginde «Saglyk adamyň başyndaky tylla täçdir», «Arassaçylyk saglygyň girewidir», «Keseliň öňüni almak ony bejermekden has ýeňildir», «Müň derdiň dermany», «Türkmen tebigaty Watanymyzyň genji», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Arassaçylyk – gigiýena we ýokanç keselleriň giň ýaýramagyna garşy çäreler», «Harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini sagdynlaşdyrmak» ýaly mowzuklardaky çykyşlara, pikir alyşmalara, wagyz-nesihat çärelerine, düşündiriş işlerine giň orun berildi. Şeýle-de harby bölümleriň, serhet birikmeleriň, serhet galalaryň ähli bölümçeleriniň gulluk-durmuş maksatly binalarynda «Arassaçylygy berjaý edeliň!» atly şygar astynda gigiýena we ýokanç keselleriň giň ýaýramagyna garşy köpçülikleýin arassaçylyk we zyýansyzlandyryş işleri yzygiderli geçirildi. Harby gullukçylaryň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmek maksady bilen geçirilen çäreleriň nobatdakysy bolsa ýiti öýken sowuklama we beýleki ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça radio nokatlarda radiogepleşikleri we audio ýazgylary goýbermek boldy. Munuň bilen bir hatarda, bölümçelerde, serhet galalarda gazet-žurnallardan, dörediji Liderimiziň eserlerinden, atalar sözlerinden, nakyllardan peýdalanyp geçirilen ynsan saglygy bilen baglanyşykly sowal-jogap agşamlary hem ýatda galyjy boldy.

Bulardan başga-da harby gullukçylaryň arasynda «Türkmen tebigaty Watanymyzyň genji» ady bilen gözel tebigatymyzyň ösümlik dünýäsi, dermanlyk häsiýetli ösümlikleri, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly kitaby boýunça hem-de «Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hatarynda sagdyn, ruhubelent Watan goragçylaryny ösdürip ýetişdirmek» atly mowzuk boýunça okuw sapaklary guraldy. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Içerki gullugynyň düzgünnamasyndan «Hammam-kir ýuwuş hyzmaty» bölümi boýunça düşündiriş işleri we netijesi boýunça sowal-jogaplar geçirildi. Okuw sapaklary hem düşündiriş işleri serhetçileriň saglyk, arassaçylyk, sagdyn durmuş babatdaky bilimlerini artdyrmaga, dünýägaraýyşlaryny, gözýetimlerini giňeltmäge giňden ýardam berer.

Galyberse-de, hepdeligiň barşynda şahsy düzümiň köpçülikleýin tomaşa etmeginde hem diňlemeginde «Merdana nesiller» we «Dost-doganlyk serhedi» atly telegepleşikler, «Dostluk serhediniň goragynda» radiogepleşigi, «Mertlige çagyryş» we «Watana ybadat» atly wideo ýazgylar, akyldar Abdyrahman Jamynyň «Wesýet» atly goşgusynyň audio ýazgysy, şeýle hem «Togrul beg», «Şükür bagşy», «Mukam» ýaly taryhy-çeper filmler görkezildi we radio nokatlarda goýberildi. Olaryň many-mazmuny boýunça bolsa çykyşlar, pikir alyşmalar guraldy. Bu ýaş harby gullukçylaryň akyl ýetiriş, pikirleniş ukybyny ösdürmekde juda peýdaly boldy.

«Saglyk — bahasyz baýlyk» ady bilen geçirilen hepdeligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan peýdalanmak arkaly, şahsy düzüme burçly unaş taýýarlanylyp berildi.

Ýokarda gürrüňini eden işlerimizi ýerine ýetirmekde ähli harby bölümleriň we serhet birikmeleriň, serhet galalaryň çäklerinde harby gullukçylar, aýratyn-da, ýaş serhetçiler işjeň çekildi. Bu bolsa olaryň ukyp-başarnygyny has-da ösdürmäge uly kömek boldy. Şeýle-de saglyk maksatly işleri guramakda harby lukmanlaryň, serkerdeleriň, taýýarlykly çagyryş boýunça harby gullukçylaryň tejribelerinden giňden peýdalanyldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň köp jiltli «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Paýhas çeşmesi», «Çaý — melhem hem ylham», «Bereketli türkmen saçagy» atly kitaplary, ynsan saglygy bilen bagly atalar sözleri, nakyllar, lukmanlaryň maslahatlary hepdeligiň çäginde uly gollanma bolup hyzmat etdi.

 

Ýaran Akmämmedow.

  • 75
  • 20.07.2020