MAKALA

Katar 2022 Dünýä Kubogynyň geçiriljek wagty mälim edildi

2022-nji ýylda Katarda guraljak 22-nji Dünýä Kubogynyň haçan başlap, haçan tamamlanjakdygy resmi ýagdaýda habar berildi. Şoňa görä, taryhda ilkinji gezek Dünýä Kubogy gyşda geçiriler. Çempionat 21-nji noýabrda 60 müň tomaşaçy orunlyk Al Bayt Stadionyndaky duşuşyk bilen başlar. Toparçalarda her gün 4 duşuşyk oýnalar. 2-nji tapgyryň oýunlary 3-6-njy dekabrda, 9-10-njy dekabrda çärýek finalyň, 13-14-nji dekabrda-da ýarym finalyň duşuşyklary geçiriler. Final duşuşygy bolsa, 18-nji dekabrda 80 müň tomaşaça niýetlenen Lusail stadionda oýnalar.

  • 99
  • 20.07.2020