MAKALA

Türkmen taryhy hakynda söhbet

Arminiý Wamberi — türkmen edebi mirasyny öwrenen syýahatçy

 

XIX asyryň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda meşhurlyk gazanan belli wenger alymy, türkmen halkynyň edebi mirasyny, ýaşaýyş-durmuşyny, däp-dessurlaryny ilkinjileriň hatarynda öwrenen syýahatçy Arminiý Wamberi Ýewropanyň merkezinde häzirki Bratislawanyň golaýyndaky Nidermarkt atly ýerde 1832-nji ýylyň 19-njy martynda dünýä inýär. Onuň kakasy Arminiý ýaş wagty aradan çykýar. Ýaşajyk Arminini ekläp-saklamak ejesiniň paýyna düşýär. Arminiý entek ýaş wagty çep aýagynda agyry tapynyp, bütin ömrüni agsaklap gezýär. Onuň okuwa bolan höwesi, ylma bolan yhlasy mekdep ýyllaryndan başlanýar. Mekdep ýyllarynda ol wenger dilini, latyn dilini gowy bilipdir. Olardan başga-da nemes, slowak dillerini öwrenipdir. Mekdepde okan döwründe baý adamlaryň çagalaryna sapak beripdir. Şol döwürde ol ýene-de dört dili — ispan, daniýa, fransuz we rus dillerini öwrenipdir.

Arminiý mekdep ýyllaryndan soňra hem ylym-bilim almagyny dowam edipdir. Wengriýanyň Peşt (häzirki Budapeşt) şäherine ýaşamaga gelip, ol bu ýerde öňki bilýän dilleriniň üstüne arap we türk dillerini hem öwrenipdir. Bu dilleri bilmegi onda Gündogara syýahat etmek, ol ülkelerde ýaşaýan halklaryň edebi mirasyny, folkloryny, taryhyny we etnografiýasyny öwrenmek höwesini döredipdir. Emma onuň Gündogara, Merkezi Aziýa syýahaty badabat başa barmandyr. Köp kynçylyklardan soň ol gämä petek alyp, Stambul şäherine gelipdir.

Arminiý Stambulyň bazaryndaky dükanlaryň birinde «Gündogar we günbatar dillerini öwredýärin. Arzan bahadan» diýip, bildiriş asyp goýýar. Stambulda Arminiý Wamberi dört ýyl ýaşaýar. Şu ýyllarda ol türki halklaryň däp-dessurlaryny, edebiýatyny, folkloryny, taryhyny içgin öwrenýär. Stambulda geçirilýän medeni-ylmy, edebiýat çärelerine işeňňir gatnaşyp, ol ýere gelen türk edebiýatyny, ylmyny, taryhyny öwreniji alymlar bilen duşuşýar, olaryň geçirýän edebiýat agşamlarynda çykyş edýär.

Arminiý Wamberi Stambulda ýaşan ýyllarynda 14000 sözden ybarat nemes-türk sözlügini düzýär we ony çap etdirýär. Şol döwürlerde ol türk arhiwlerinde işläp, osmanly taryhçylarynyň, edebiýatçylarynyň işlerini wenger diline geçirip, Wengriýa bilen Türkiýäniň gatnaşyklary barada birnäçe ylmy işleri ýazýar. Bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, 1861-nji ýylda Wengriýanyň Ylymlar akademiýasy Arminini habarçy-agzalygyna saýlaýar. Bu hormatly ylmy ada eýe bolanyndan soňra Arminiý Wamberi Wengriýanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidentine özüniň köp ýyllardan bäri arzuw edip gelýän ylmy ugruny — wenger diliniň Aziýanyň halklarynyň diline ýakyndygyny öwrenmek maksadyny, onuň üçin hem Gündogara syýahat etmek arzuwyny beýan edýär.

1862-nji ýylyň martynda Arminiý Wamberi Stambula gelýär we ol ýerden Gara deňziň üsti bilen Trabzon şäherine barýar. Onuň bu taryhy syýahatynyň esasy maksady Eýranyň üsti bilen Merkezi Aziýa aralaşyp, türkmen, özbek halklarynyň edebi mirasyny, taryhyny, folkloryny, dillerini öwrenmek bolupdyr. Şeýle niýet bilen ol türkmenleriň ýaşaýan ýerlerini öwrenip, Özbegistanyň Hywa, Buhara we Samarkant şäherlerine barmagy meýilleşdiripdir. Türkiýäniň Trabzon şäherinden gaýdýan kerwene goşulyp Erzurum, Töwriz şäherleriniň üsti bilen Tähran şäherine gelýär. Bu ýerde ol pars döwletiniň, Parfiýanyň taryhyny, edebiýatyny, dilini öwrenýär. Ylmy işini ýazmagy dowam edýär. Omar Haýýamyň we Gündogaryň beýleki nusgawy ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň işleri bilen ýakyndan tanyşýar. Gündogara syýahatyň uly töwekgelçilikdigine düşünýän Arminiý Wamberi derwüş lybasyna girýär. Syýahata başlamazyndan öň, ol özbek, türkmen, gyrgyz we tatar dillerini öwrenýär.

Türkiýäniň Tähran şäherindäki ilçihanasyndan Haji Mehmed-Reşid Efendi ady bilen pasport alypdyr. Derwüş lybasyny geýnen Arminiý Wamberi kerwene goşulyp, Hazar deňziniň demirgazyk-gündogar tarapyndan (häzirki Türkmenistanyň Esenguly, Etrek etraplary) ugrapdyr. Türkmenleriň ýaşaýan ýerlerinden geçip, Hywa, Buhara ugry bilen Samarkanda barmak onuň esasy maksady bolupdyr. Türkmen topragynda bolan döwründe Arminiý Wamberi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüni we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak uly ähmiýetli ylmy barlaglary geçiripdir. Bu ýol Arminiý Wamberi üçinem, kerwende barýanlar üçinem hakyky synag bolupdyr. Gyzgyn şemally çägeli tupanlar, suwsuzlyk, hatarly ýol, suwa derek çägä «ýuwunmak», nahary bir çanakdan iýmek — bularyň bary Arminiý Wamberiden gaýduwsyzlygy, gaýratlylygy, kynçylyklara çydamlylygy, edermenligi talap edipdir.

 

(Dowamy bar)

Aşyrgeldi Jumaýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň Raýat hukugy kafedrasynyň dosenti,

hukuk ylymlarynyň kandidaty.

  • 110
  • 20.07.2020