MAKALA

Russiýanyň Harby-senagat toplumy täze ýeňil «Strela» atly sowutlanan ulagyny hödürleýär

Russiýanyň «RIA» habarlar agentligi «Strela»-nyň sap agramynyň 4,7 tonna barabar bolup, onuň «Tigr» maşgalasynyň agramynyň ýarysyna deňdigini habar berdi. Şeýle hem «Strela» AK-74, AKM we SWD hüjüm ýaraglarynyň oklaryna garşy durmaga ukyply ballistik goragyna eýedir. Ulagyň iň ýokary tizligi sagatda 155 km. Agentligiň söhbetdeşi bronetehnikanyň minadan goraýjylygynyň minalara we ýasama partlaýjy enjamlara garşy durmaga mümkinçilik berýändigini düşündirdi. Içki dizaýnyna baglylykda, awtoulag sürüji bilen sekiz adama niýetlenendir.

  • 89
  • 20.07.2020