MAKALA

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim, ylym barada aýdanlaryndan

Ylym babatdaky döwlet syýasatymyz ýokary halkara derejesindäki tehnologik gazanylanlaryň tapgyrlaýyn önümçilige ornaşdyrylmagy we öz ylmy tehnologiýalarymyzy ösdürmek bilen berk baglydyr.

***

Biziň ylym boýunça işläp düzen döwlet syýasatymyzy durmuşa geçirmek, ondan garaşylýan netijeleri almak, ylym ulgamynda öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin alymlarymyzyň öňünde örän uly wezipeler durandyr.

***

Döwrebap wezipeleriň amala aşyrylmagy köp babatda ylym ulgamynyň ähli ugurlarynyň ösüş derejesine gönüden-göni bagly bolup durýandyr.

***

Her bir döwletiň ösüş depgini, halkyň ýaşaýyş derejesi, esasan, onuň ylym-bilim binýadynyň berkligine baglydyr.

***

Alymlaryň ylmy açyşlary, oýlap tapyşlary, ilkinji nobatda, biziň döwlet berkararlygymyza oňyn täsir edýändir, ony dabaralandyrýandyr.

***

Döwletimiziň geljekki gülläp ösüşleri bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, ösen düşünjeli, ukyply ýaşlara baglydyr.

***

Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almaklary, ylmy döredijilik işleri bilen meşgullanmaklary, berk bedenli, sagdyn ruhly, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir.

***

Ýaş alymlaryň döwletimiziň ösüşler, özgerişler ýoly bilen öňe gitmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin zehin-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna berk ynanýaryn.

***

«Ylymly il ozar, ylymsyz il tozar» ýa-da «Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli — müňini» diýen ylmyň ähmiýetliligini ündeýän pähim-parasatlaryň aňyrsynda halk ykbaly ýatandyr.

***

Häzirkizaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwatyny we gülläp ösmegini, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşi, milletiň intellektual derejesi kesgitleýändir.

***

Alymlaryň döredijilikli zähmeti Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkynyň abadançylygyna gulluk etmelidir, alymlar täze ylmy üstünliklere, täze açyşlara ruhlanmalydyrlar.

***

Döredijilik hyjuwyndan doly bolan zehinli ýaşlaryň ylma gelmegini üpjün etjek, ýokary başarnykly, giň gözýetimli, häzirki döwrüň ylmy usullaryny doly ele alan we öz zähmeti bilen ýurdumyzyň şöhratyna şöhrat goşjak alymlaryň täze nesli biziň daýanjymyzdyr.

***

Alnyp barylýan ylmy işleriň maksatlaýyn ugurlarynyň biri hem ýokary tehnologiýalary, nanotehnologiýalary, täze ylmy işläp taýýarlamalary, düýpli ylmyň iň soňky gazananlaryny we oýlap tapyş çözgütlerini giňden ornaşdyrmak esasynda senagatyň özgerdilmegini talap edýän pudaklarynyň täze tehnologik gurluşyny döretmekdir.

***

Dünýäde her bir ynsan üçin bilimleri özleşdirmekden, ylym öwrenmekden beýik zat ýokdur.

***

Ylymda, bilimde adamzadyň uzak geçmişi, şu güni hem-de nurana geljegi jemlenendir.

***

Gadymy döwürlerden bäri ýaşaýyş-durmuşyny akyl, düşünje hem-de ylym esasynda guran türkmen halky beýik akyldar-alymlary, ylmy mirasy bilen beýgelip, şöhratlanyp gelendir.

***

Ata Watanymyzyň abraý-mertebesiniň belentliklere göterilýän häzirki döwründe täze sepgitleriň, beýik ösüşleriň, ilkinji nobatda, bilimli, ylymly nesliň güýji, zehin baýlygy bilen gazanylýandygy geljekki ösüşlerimiziň kepilidir.

  • 85
  • 23.07.2020