MAKALA

Täzeden bir çaga bolsam

(oýlanma)

 

Çaga wagtlarym asmana seredip, hemişe bir zatlar gözleýärdim. Bulutlaryň emele getirýän täsin şekillerini synlaýardym. Olarda göze görünmeýän güýç bardy. Ulalamsoň bu endigimden kem-kem daşlaşdym. Indi şeýdip asmany synlamanyma-da gaty köp wagt bolandyr. Ýyllar islendik adamy üýtgedýär. Geçen ýyllaryň dowamynda özüme gerekli tejribeleriň esasy toplumyny çaga wagtym toplapdyryn. Ejemiň okap beren ertekileriniň ýönekeý bir ertekiler däldigine tiz akyl ýetirdim. Çaga wagtym köplenç öz-özüm bilen gürleşýärdim. Dürli sowallary berýärdim, olaryň hiç birini jogapsyz goýamokdym. Eger nädogry hereket etsem, soňra özüme käýinýärdim. Käte bolsa temmi berýärdim. Hakykatdanam, özüme özümjik temmi berýärdim. Goýberen hatamy her edip, hesip edip düzetmäge çalyşýardym.

Göwnüme, daş-töweregimdäki çagalardan tapawutlanýan ýalydym. Hatda özümçe olardan üýtgeşikdimem. Geň duýgy. Maňa şeýle duýgy uzak wagt ýaran boldy. Ahyry günlerde bir gün sag-aman sypdym içki menimden. Şondan soň özümi has erkin duýup başladym. Köpüň biri bolup ýaşamak lezzetli eken.

Howlymyz giňdi. Bu başyndan o başyna ýetmek hyllalla diýilýänlerdendi. Onda üýşüp çagalar bolup oýun oýnaýardyk. Durmuşyň bar gyzygy her günki oýnaýan oýunlarymyzda jemlenýän ýalydy. Käbir oýnaýan oýunlarymyz üçin töwekgelçilik gerekdi. Ýöne her näme-de bolsa bilesigelijiligimiz gorkularymyzdan üstün ekeni. Jaýyň üçegine çykmagam, goňşymyzyň tut agajyna dyrmaşmagam aňsatjak eder goýaýardyk. Ýykylyp-beýleki ederisem öýtmändiris. Günüň nädip dogup, haçan ýaşanynam bilýän däldiris. Bar bilenimiz-bitenimiz oýundy. Asyl, günleriň hezilligi duşumyzdan şeýdip ötüp barýan eken şol wagtlar. Soň ulaldyk. Ulaldygymça-da özümiň edil beýlekiler ýaly adaty adamdygyma göz ýetirdim. Asmany synlamagam, özüňi özgelerden üýtgeşik saýmagam, garagolluk etmegem ähli çagalara mahsus zat eken. Enem hemişe: «Çaga başyňa döneýin» diýerdi. Indi pikir edýän welin, adaty zatlaryň adaty däldigine ynanýanlygyň üçin diýilýän eken ol gürrüňler.

Ulalaňsoň welin hemme zat başgaça. Ne hötjetlik, ne-de öňküleriň ýaly gözsüz batyrlyk edip bolýar. Islegleriň öz-özünden galyba girip barýan eken. Öňki garaýyşlaryň öwezem başga-başga pikirler bilen çalşylýar. Şeýdibem maksatlaryň ugrundaky göreş başlanýar. Onda büdrän ýeriňem bolýar, begenen ýeriňem. Şeýle pursatlarda ýene şol çagalyk ýatlamalaryň dadyňa ýetişýär. Diýeniňi diýen ýeriňde «gögerdip» bilinýän günler eken o günler. Olary her ýatlanymda täzeden çaga bolmagyň ahmyryna bürenýän. Arman, o pursatlar her ömre ýekeje gezek beriläýýär-dä...

 

Aýjahan Annabaýewa,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.

  • 82
  • 23.07.2020