MAKALA

Wepaly dost

Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» kitabynda: «Türkmen alabaýynyň wepaly, batyr durky ruhy hem-de beden sagdynlygyny bize nusga edýän gözellikdir. Türkmen alabaýynyň iň kämil keşbi hakydalarymyzdadyr. Alabaýyň wepalylygy, batyrlygy aýdyp-diýdirilmeýän terbiýe, görüm-görelde bilen nesilden-nesle geçýän tälimdir. Alabaýa sarpaly garaýyş wepalylyga, batyrlyga söýgini terbiýelemekdir» diýip belleýär. Hakykatdan-da türkmen alabaýlarymyz ynsana wepaly, dostana jandarlaryň biridir. Türkmen halky irki döwürlerden bäri öýünde alabaý itlerini saklap, olara malyny-mülkini, öý-hojalygyny ynanypdyr. Gündogaryň beýik danasy Jelaleddin Rumyn pars dilinde ýazan «Mesnewi» diwanynda: «Baraýsaň sen tötänden gapysyndan türkmeniň, işiginde itiniň ýatanyny görersiň» diýip belleýär.   

Ata-babalarymyz türkmen alabaýlaryny has gadymy döwürlerden bäri eldekileşdiripdirler. Itleriň ýaşaýyş-durmuş yzlary Türkmenistanyň iň gadymy mekanlarynda duş gelýär. Miladydan öňki VI müňýyllyk bilen senelenýän Jeýhun obasyndan itiň ystyhany tapyldy. Bu bolsa çaklamalara göra, şol döwürlerde Türkmenistanyň territoriýasynda itiň iri tohumyny ösdürüp ýetişdirendiklerini görkezýär. Alabaýyň gelip çykyşynyň gadymylygyny tassyklaýan has güýçli maglumatlaryň biri hem 2003-nji ýylda Ajyguýy medeni oturymynda (Marguş) tapylan iki sany iri tohum itiniň ystyhanydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halk rowaýatlarynda alabaý ýeňşe, güýç-kuwwata hem-de hoşniýetli ruhy güýje bolan üýtgewsiz erk-islegi alamatlandyrýar. Alabaýyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi nyşany hökmünde saýlanmagy hem tötänden däldir. Sebäbi türkmen alabaýy wepalylygyň we dostlugyň nyşanydyr.

Gadymy döwürlerde türkmen halky alabaýlara öý-ojaklarynyň, sürüsiniň goragyny ynanan bolsalar, indi olara ýurdumyzyň dost-doganlyk serhedimiziň goragy ynanylýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmen alabaýy» kitabynda mukaddes araçäklerimiziň goragçylary bolan serhetçilerimiz bilen türkmen alabaýlarymyzyň gulluk alyp barýan suratlarynyň bardygyny aýratyn bellemelidiris. Ýylyň ähli paslynda edermen ýigitlerimiz bilen bir hatarda türkmen alabaýlarymyz hem ýurdumyzyň asuda serhedini goraýarlar. Bu bolsa türkmen alabaýlarymyzyň ynsana wepaly jandardygyny ýene bir gezek subut edýär. 

Türkmen alabaýlaryny ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda köpeldip, kämilleşdirip ýetişdirmekde köp işler durmuşa geçirilýär. Şeýle işler Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem ýokary derejede alnyp barylýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde «Türkmen alabaý» tohumly itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezi açyldy. Bu merkezde serhetçileriň ýakyn ýardamçylary hasaplanýan alabaý itlere ideg etmek, türgenleşdirmek, iýmitlendirmek, ýaş aýratynlyklary boýunça saklamak, olara lukmançylyk hyzmatlaryny etmek bermek üçin ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Merkezde türkmen alabaýlaryna dogulandan tä ulalýança ençeme tilsimler öwredilýär. Olar bilen yzygiderli okuw-türgenleşikleri geçirilýär. Türkmen alabaýlarymyza ideg etmek üçin Gullugymyzyň düzüminde harby hünärmenler hem okadylyp taýýarlanylýar. Bu bolsa öz gezeginde dost-doganlyk serhedimizi türkmen alabaýlary bilen berk goramakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Türkmen alabaýlarymyzy ýetişdirmekde uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys. Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlarymyzy köpeltmekde, idetmekde, olary nesilden-nesle geçirmekde taryhy işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

  • 114
  • 23.07.2020