MAKALA

Iň köp gyzyl kart alan futbolçylar

Soňky 20 ýylda, has takygy, XXI asyrda iň köp gyzyl kart alan futbolçylaryň sanawynda Real Madridiň kapitany, ispaniýaly goragçy Serhio Ramos 1-nji ýeri eýeleýär. Sary hem-de gyzyl kart almakda ýakasyny tanadan tejribeli goragça eminler şu wagta çenli 26 gezek gyzyl kart görkezdiler. Bu ugurda 2-nji ýeri meksikaly Rafael Markes eýeleýär. Monako, Barselona ýaly toparlarda oýnan Markes 21 gezek meýdançadan çykaryldy. Uruşganlygy bilen tanalýan braziliýaly Felipo Melo 20 gyzyl kart bilen 3-nji hatary eýeleýär. Sanawda Gari Medel, Filipp Mekses, Zlatan Ibrahimowiç, Pepe, Dani Alwes, Rikardo Kuarežma ýaly futbolçylaryň-da atlary bar.

Iň köp gyzyl kart alan futbolçylar:

11. Dani Alwes (Braziliýa), Maskerano (Argentina), Pepe (Portugaliýa) – 12 gyzyl kart

10. Zlatan Ibrahimowiç – 13

9. Rikardo Kuarežma (Portugaliýa) – 14

8. Alberto Lopo (Ispaniýa) – 15

7. Filipp Mekses (Fransiýa) – 16

6. Deýwidas Şembers (Litwa) – 17

5. Gari Medel (Çili) – 18

4. Fernando Amorebieta (Ispaniýa) – 19

3. Felipe Melo (Braziliýa) – 20

2. Rafael Markes (Meksika) – 21

1. Serhio Ramos (Ispaniýa) – 26

  • 74
  • 23.07.2020