MAKALA

Ýartygümmez kümmeti

Sarahs etrabynyň çägi buýsançly taryhymyzdan söhbet açýan taryhy ýadygärliklere baýdyr. Etrabyň merkezinden 7-8 kilometr günorta-gündogar tarapda ýerleşýän, orta asyr sarahsly ussalaryň bina eden Ýartygümmez kümmeti hem baý taryha eýe bolan ýadygärlikleriň biridir.

Kümmetiň diwarlarynyň birinde saklanyp galan arap ýazgysyna (ýazgy diwardan geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ortalarynda ýykylyp gaçypdyr) görä, ol 491-nji hijri ýylynda (1098-nji milady ýylynda) gurlupdyr. As-Samanynyň berýän maglumatyna görä, ol Şyh Ahmet al-Hadynyň mazarynyň üstünde bina edilipdir. Orta asyrlar döwründe ol ýerde Andukan atly uly oba ýerleşipdir.

Orta asyrlar döwrüniň görnükli merwli taryhçy alymy as-Samanynyň (1113-1167 ý.) «Kitap al-ansab» (Atlaryň genologik kitaby) diýen işinde: «Andukan Sarahsyň obalarynyň biridir. Onda şyh Ahmet al-Hadynyň mazary bar» diýen setirler bar. ХХ asyryň taryhy öwreniji görnükli alymlary hem Ýartygümmeziň Andukan obasyndaky Ahmet al-Hadynyň mazarynyň üstünde bina edilen ymaratdygyny belläpdirler.

Ahmet al-Hady Х-ХI asyrlarda Sarahsyň töwereklerinde ýaşap, il içinde uly abraýdan peýdalanan yslam dininiň görnükli wekilleriniň biri bolupdyr. Häzirki wagtda Ýartygümmez kümmetiniň dört diwaryndan bir ýarym diwary saklanyp galypdyr. Mundan 30 ýyldan gowrak öň hem onuň iki diwary abat eken. Dört diwaryndan iki diwarynyň saklanyp galany üçin ol il içinde Ýartygümmez diýlip atlandyrylyp başlanypdyr.

Ýartygümmez kümmeti ilkinji gezek 1931-nji ýylda bu ýere gelen ýörite ekspedisiýa tarapyndan hasaba alnypdyr. Alymlaryň bellemegine görä, ýadygärlik ХI asyra degişli bolmaly. M.Ý.Masson tarapyndan okalan kufi ýazgysy, ýadygärligiň 1098-nji ýylda gurlandygyny anyk belli etdi. 1992-nji ýylyň mart-awgust aýlarynda Ýartygümmezde gazuw-agtaryş we berkidiş işleri geçirildi. Şonda kümmetiň ini 2 metr töweregi edilip örülen düýbüniň, günbatar-demirgazyk we gündogar-demirgazyk burçlarynyň çökendigi kesgitlenildi. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende, ol ýerden ХI-ХII asyrlara degişli bürünçden ýasalan birnäçe jam, syrçaly we syrçasyz çyralar, monjuklar we beýleki taryhy gymmatlyklar tapyldy. 1994-1995-nji ýyllarda ýadygärlikde dikeldiş işleri alnyp baryldy. 2004-nji ýylyň maý aýynda bolsa, Ýartygümmez kümmetinde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirligiň rejeleýiş we taslama bölüminiň baş hünärmeni Bezirgen Şadurdyýewiň taslamasy esasynda rejeleýiş işleri geçirildi.

 

Maýa Eýeberenowa,

«Köne Sarahs» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň 1-nji derejeli ekskursowody.

  • 84
  • 23.07.2020