MAKALA

«Toyota Corolla Cross SUV» tanyşdyryldy

Ýaponiýanyň awtoulag öndüriji kompaniýasy «Toyota» ýolsuz ýerden ýöreýän täze ulagyny tanyşdyrdy. «Toyota Corolla Cross SUV» atly ulag ýolsuz ýerden ýöreýän orta ululykdaky ulag bolup, global bazara niýetlenendir. Täze ulagyň gabarasy «C-HR» modelinden uly, RAV4-lerden bolsa kiçiräk. «Corolla Cross SUV» ilkinji nobatda, Tailandda satuwa çykarylar. Soňra dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky müşderilere ýetiriler. Uzynlygy 4,46, ini 1,825, beýikligi 1,620 metre barabar bolan ulagyň iki tigriniň aralygy 2,64 metre deň. «Corolla Cross»-da iki görnüşli hereketlendiriji oturdylypdyr. Olaryň ilkinji satuwa çykaryljagynda göwrümi 1,8 litrlik benzin bilen işleýän hereketlendiriji oturdylan. Bu ulagyň kuwwaty 140 at güýjüne barabar. Ulagyň beýleki görnüşi gibrid bolmagy bilen tapawutlanýar. Gibrid ulagda kuwwaty 100 at güýjüne barabar 1,8 litrlik benzin bilen işleýän hem-de 72 at güýjüne barabar elektrik energiýasy bilen işleýän hereketlendirijiler bar. Ulagyň içki dizaýny adaty «Corolla»-laryňka meňzeş. 17 we 18 dýuýmlyk tigirleri bolan ulagyň bagažynyň göwrümi 487 litre deň. Bahasy mälim edilmedik bu ulagyň gysga wagtda satuwa çykaryljakdygy habar berildi. Golaýda kompaniýa iň köp satylýan modelleriniň biri bolan «Yaris»-iň has uly görnüşi bolan «Yaris Cross»-y hem tanyşdyrypdy.

 

Amanmyrat Baýmyradow,

žurnalist.

  • 87
  • 23.07.2020