MAKALA

Akyl ýetiriş ukybyňy artdyrmagyň usullary

Pikirleniş ukyby gowşan beýniniň işjeňligini artdyrmaga peýdaly hem-de netijeli usullaryň birnäçesi bar. Şolaryň iň ýönekeýjelerini ýerine ýetirmek bilen hem aňymyzy ýokary derejede türgenleşdirip bileris. Telewizora tomaşa edilýän wagty azaltmak maslahat berilýär. Endik eden adam üçin bu ýeňil däl. Adamlar wagt tapdygyça, telewizora tomaşa etmegi halaýar. Terbiýeleýji ýa-da kämilleşdiriji telegepleşiklere, filmlere maksatsyz seredýän wagtymyz hem bolaýýar. Biz ekranyň öňünde oturanymyzda, beýnimize dynç bermän, onuň işini üzmeýäris. Eýsem 2-3 sagatlap teleekranyň öňünde oturmak bilen siz özüňizi gowşak duýmaýarsyňyzmy? Gözlerimiz ýadap, okamaga-da mejalymyz ýok ahyry!

Eger-de dynç alasyňyz gelýän bolsa, onda kitap okaň, ýadasaňyz aýdym-saz diňläň. Dostlaryňyz bilen oturanyňyzda telewizory öçüriň, özara pikir alşyň. Bularyň hemmesi akyl ýetiriş ukybyňa oňyn täsir edýär. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

Biziň käbirimiziň pikiriçe, beden maşklary, sport bilen meşgullanylman, diňe akyl zähmeti bilen meşgullanylan ýagdaýynda adam kämil bolaýjak ýalydyr. Aslynda, beden maşklaryndan soň beýniniň iş öndürijiligi görnetin gowulanýar, aň dury bolýar, gujur-gaýratyň täze tolkuny emele gelip, pikirimizi çalt jemläp bilýäris.

Eger-de akyl ýetiriş ukybyňyzy artdyrmak isleseňiz, onda siz pikirlenmäge mejbur edýän ylmy kitaplary okamaly. Nusgawy kitaplary okamak siziň dünýägaraýşyňyzy üýtgedip, pikirleriňizi edebi-çeper dilde beýan etmäge kömek eder.

Kadaly ukyny almaga çalyşmaly. Uky ýetmezçiligine uçranlaryň iş öndürijiligi peselýär. Ýadawlyk duýmaz ýaly, wagtynda ýatyp, 8 sagatdan az bolmadyk ukyny almagymyz gerek. Eger-de siz giç ýatyp, giç hem tursaňyz, uzak gün pikirleriňiz dagynyk bolar. Köp adamlar ir säher wagtynda has öndürijilikli işleýär. Siz näçe ir tursaňyz, iş öndürijilikli sagatlaryňyzyň sany şonça hem köp bolar. Birdenkä ýadawlyk duýsaňyz, mümkinçiligiňize görä 10-20 minut irkiljek boluň, ondan uzak ýatsaňyz bedeniňizde ysgynsyzlyk duýarsyňyz. Gysga uky bolsa beýnini we bedeni terlendirýär.

Daşary ýurt dillerini öwrenmegi birjik-de unutmaň. Daşary ýurt dillerini öwrenmek beýnimizi kämilleşdirmegiň has netijeli usuly bolup durýar. Siz dünýä dilleriniň islendigini saýlap bilersiňiz, ýöne häzirki wagtda halkara dil hasaplanylýan iňlis dilini öwrenseňiz has peýdaly bolar. Dil öwrenmegiň häzirki wagtda giňden ýaýran — ýörite hünärmenden sapak almak ýa-da özbaşdak öwrenmek usullaryny saýlap bilersiňiz. Esasy zat gowy netijä garaşmak we asgynlamazlykdyr.

Aslynda, adamlar özleri barada pikir edişlerinden has güýçlüdir. Öz başarnyklaryňa ynanmazlyk durmuşda isleýän zatlaryňa ýetmäge päsgelçilik döredýär. Özüňiziň islän zadyňyzy başaryp biljekdigiňize ynanyň.

Pikirlenip görseňiz, biziň mysal getiren usullarymyz ýerine ýetirilmez ýaly däl. Mälim bolşy ýaly, hemişe iň ýönekeý usullar has netijeli bolýar. Iň esasy zat olary ýerine ýetirmäge girişmekdir. Bu ýönekeý usullary yzygiderli ýerine ýetirmek bilen, siz öz akyl ýetiriş ukybyňyzyň ýokarlanandygyny duýarsyňyz.

 

Sona Nazarowa.

  • 44
  • 30.07.2020