MAKALA

Esger kalby joşanda...

Ata Watan, ene toprak — Bitaraplyk ülkesidir!

 

Ine, Watan, ine, toprak, goramaly galkan bolup,

Gadamlarňy basan ýeriň mynasypdyr öpülmäge.

Ine, serhet, sen serhetçi, isle Gün bol, isle bulut,

Düýnüň — mysal, ertäň — jogap, hiç sebäp ýok ökünmäge.

 

Berdaşly gollarmyz mydam haýyr işe çermelendir,

Maksadymyz, myradymyz — çagalaryň gülküsidir.

Düýnüm, şu gün, ertäm meniň şu toprakda jemlenendir,

Ata Watan, ene toprak — Bitaraplyk ülkesidir!

 

Her bir tutýan tutumlaryň amal bolýar geňeş bilen,

Neneň, onsoň gysga bolsun arkaga atan donumyz!

Ýolumyz ak, tutumlar hem tamam bolýar ýeňiş bilen,

Çünki biziň gursagmyzda Halk, Watan, Arkadagymyz!

 

Süleýman Haýdarow.

 

 

«Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!»

 

Asly merdem är ýigitleň ýörelgesin dowam edip,

«Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!»

Gala deýin gursagňyza «Watan» sözün doga edip,

«Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!»

 

Gerçeklere göreldedir pederleriň namys-ary,

Sogap işdir, Watan üçin gurban kylmak şirin jany,

Tugumyza togap edip, bolup kasama wepaly,

«Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!»

 

Watan yşky päk yhlasyň wysal bolmagna ganatdyr,

Şu toprakda ýaşamaklyk — bagt, döwlet, zyýapatdyr.

Ömrüň manysy Watanyň goragyndan ybaratdyr,

«Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!»

 

Enäň beren ak süýdüni päk, mukaddes epdek saýyp,

Ataň diýen her sözüni ýol-ýörelge, mekdep saýyp,

Ene toprak, ata Watan at-abraýyn dünýä ýaýyp,

«Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!»

 

Maksat Seýitliýew.

 

 

Watan ogullary

 

Wepaly bolarys peder aslyna,

Çünki biz — Watanyň mert ogullary!

Sesimizi goşýas Watan waspyna,

Çünki biz — Watanyň mert ogullary!

 

Ýadygärlik bolup galan gerçekler —

Nusga edinjegmiz biziň, geljekleň.

Watan goragyndan asla el çekmez,

Çünki biz — Watanyň mert ogullary!

 

Dost-doganlyk serhetlerimiz asuda,

Gulluk alyp barýas Asmanda, suwda.

«Ýurt asuda bolsun!» diýen arzuwda,

Çünki biz — Watanyň mert ogullary!

 

Ýardamçydyr alabaýmyz, atymyz,

Ýurt goragny berkitmeklik netimiz.

Haklarys biz kasamymyz, antymyz,

Çünki biz — Watanyň mert ogullary!

 

Durdymyrat Paltabaýew.

 

 

Bitaraplyk toýuň mübärek bolsun!

 

Watan, bu ýyl şanly toýun toýlaýan,

Bitaraplyk toýuň mübärek bolsun!

Şanymyzy giň Äleme aýlaýan,

Bitaraplyk toýuň mübärek bolsun!

 

Görmäge göz gerek ýurduň görküni,

Heýjana getirýär ynsan köňlüni.

Bagta besläp bagtyýarlyk döwrüni,

Bitaraplyk toýuň mübärek bolsun!

 

Ösüşlerde Arkadagyň paýhasy,

Belentde parlaýar Watan Baýdagy.

Parahatlyk, asudalyk baýramy —

Bitaraplyk toýuň mübärek bolsun!

 

 

Ejeme

 

Talyplygyň höwesi,

Arzuwly günlermizde.

Ejemize söýgi bar,

Joşgunly göwnümizde.

 

Baglaýas çemen güller,

Ejemize niýetläp.

Barýaryn oň alnyna,

Perzent kalbymy päkläp.

 

Rüstem Oratyýew.

  • 53
  • 30.07.2020