MAKALA

Messi «Pichichi» baýragyny 7-nji gezek eýeledi

«Real Madridiň» çempionlygy bilen tamamlanan «La Ligada», «Barselona» 6 ýyldan soň, möwsümi kuboksyz (La Liganyň çempionlygy, Ispaniýanyň Şa Kubogy) tamamlady. Ýöne topary super ýyldyzy Lionel Messi yzly-yzyna 4-nji, umumylykda-da 7-nji gezek çempionatyň iň netijeli oýunçysy boldy. Başgaça aýdylanda, ol arzyly «Pichichi» baýragyny 7-nji gezek alyp, Telmo Zarranyň rekordyny öz adyna geçirdi. Şeýle-de Lionel Messi şu möwsümde 21 gola-da gönümel ýardam berip, 21 asist etdi. Ol 21-nji asyrda Tierri Anriden soň, bir möwsümde 20-den köp gol geçiren hem-de asist eden 2-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Messiniň «Pichichi» baýragyny eýelän möwsümleri:

1. 2009-2010 – 34 gol

2. 2011-2012 – 50 gol

3. 2012-2013 – 46 gol

4. 2016-2017 – 37 gol

5. 2017-2018 – 34 gol

6. 2018-2019 – 36 gol

7. 2019-2020 – 25 gol

  • 51
  • 30.07.2020