MAKALA

Türkmen taryhy hakynda söhbet

Epgekli Garagumuň aňňat-aňňat depelerinden aşyp, köp kynçylyklary başdan geçiren kerwen 1863-nji ýylyň iýunynda Hywa hanlygynyň çäklerine gelipdir. Bu ýerde syýahatçy-alym birnäçe aý bolup, Amyderýanyň üsti bilen onuň kenar ýakasynda ýerleşýän birnäçe şäherlerinde, obalarynda bolupdyr. Derwüş eşigini geýnen syýahatçy-alym Arminiý Wamberi Hywadan gaýdyp, Gyzylgum çölüniň üsti bilen Buhara gelipdir. Bu ýerde hem ol syýahatyny we ylmy işini dowam etmek bilen, ahyry özüniň arzuw eden şäherine — Samarkanda gelipdir. Samarkandyň hökümdary derwüş eşigindäki alymyň ylmyna-bilimine, aýratynam onuň özbek, türkmen dillerinde gepleýşine hormat goýup, ony gowy garşylapdyr. Haçan-da Arminiý Wamberi Samarkant hanyny meşhur Teýmirleň bilen deňeşdirende, han ony sylaglamagy buýrupdyr. Şeýle-de bolsa, syýahatçy-alym Samarkantdan çaltrak yzyna — Wengriýa dolanmaga howlugypdyr. Ol pars, täjik, özbek, türkmen dillerinde wenger diliniň özboluşly beýanyny tapypdyr. Bu bolsa oňa wengerleriň ata-babalary Günorta Ural sebitlerinde göçüp-gonup ýaşapdyrlar diýmäge esas beripdir. Şeýle-de bolsa, Arminiý Wamberi wenger diliniň türki halklarynyň dillerine örän ýakyndygyny özüniň ylmy işlerinde aýratyn belläpdir. Arminiý Wamberiniň yzyna dolananda Owganystanyň Andhoý, Hyrat şäherleriniň üsti bilen Eýranyň gadymy şäheri Maşada barýar. Maşatda köp eglenmän Tährana ugraýar. Tähranda ony türkler, parslar, ruslar şowhunly garşylapdyrlar. Hatda Eýrandaky rus ilçisi oňa Russiýa, Peterburga barmagy hem-de ylmy işlerini şol ýerde çap etdirmegi we rus ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde çykyş etmegi teklip edipdir. Emma syýahatçy öýüne howlugypdyr. Ol 1864-nji ýylyň martynda Tährandan (Yspyhan, Şiraz şäherlerinde hem syýahatda bolup) Türkiýäniň Trabzon şäherine, soňra suwüsti ýol bilen Stambula gelip, ol ýerden hem özüniň Watanyna — Wengriýanyň Peşt şäherine sag-aman dolanyp barýar. Öz ýurdunda ony beýle şowhunly garşylamandyrlar. Şeýle-de bolsa bu edermen syýahatçy alym Awstro-Wengriýanyň imperatory Frans Iosif tarapyndan berlen Budapeşt uniwersitetiniň professory adyny alyp, 1865-nji ýyldan 1905-nji ýyla çenli, 40 ýylyň dowamynda bu ýokary okuw mekdebinde özüniň ylmy işlerini jemläp, talyplara Gündogar dillerinden sapak beripdir. Merkezi Aziýa eden syýahatynyň jemleri boýunça Arminiý Wamberi 20-den gowrak kitap ýazypdyr we bu halklaryň edebi mirasy, däp-dessurlary, folklory, dilleri barada gymmatly maglumatlary geljekki nesillere galdyrypdyr. Merkezi Aziýa halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň edebi mirasyny öwrenmekde uly işleri bitiren, maksada okgunlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezen wenger alymy, syýahatçysy, Gündogary öwrenijisi Arminiý Wamberi 1913-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda, Budapeşt şäherinde 82 ýaşynda aradan çykypdyr. Wamberiniň XIX asyryň ahyrynda Merkezi Aziýa amala aşyran ylmy-syýahatyny adamzat taryhynda ilkinji bolup yklymlary, deňizlerdir derýalary, daglary, ýurtlary açan gaýduwsyz syýahatçylar Hristofor Kolumbyň, Fernando Magellanyň, Wasko-da Gamanyň, Amerigo Wespuççiniň, Marko Polonyň, Demirgazyk polýusy, Günorta polýusy açan syýahatçylaryň edermenlikleri bilen deň derejede kabul etmek bolar. Sebäbi XIX asyryň ikinji ýarymynda Merkezi Aziýa syýahat etmek alymyň janyna, ylmy işine uly howp salypdyr. Arminiý Wamberi bu howply syýahatynda ençeme gezek galagoply ýagdaýlardan baş alyp çykmagy başarypdyr. Hatda ol bu syýahatyň dowamynda birnäçe gezek dini ynanjyny hem üýtgetmäge mejbur bolupdyr. Ol yslam dinini kabul edipdir. Onuň ogly Rüstem Wamberi (1872 — 1948) belli wenger hukukçysy bolupdyr, ol Wengriýanyň ABŞ-daky ilçisi wezipesinde hem işläpdir. Alymyň türkmen topragynda bolup, halkymyzyň edebi mirasyny, folkloryny, däp-dessuryny, aýratynam akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde bize gymmatly maglumatlar goýup gitmegi aýratyn bellärliklidir. Ýadyňyzda bolsa, 2014-nji ýylyň 14-16-njy maýynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly halkara ylmy maslahatda çykyş eden daşary ýurtly we türkmenistanly alymlar Arminiý Wamberiniň türkmen halkynyň edebi mirasyny öwrenmekdäki, hususan-da onuň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny öwrenmekdäki we dünýä wagyz etmekdäki hyzmatlaryny bellediler. Türkmen alymy Aly Nuryýewiň ýazyşy ýaly, Arminiý Wamberi 1863-nji ýylda Haji Mehmed Reşid Efendi ady bilen Osmanly türkmenleriň derwüşi sypatyna girip, Merkezi Aziýa, şol sanda Türkmenistana syýahat edende, türkmenleriň ene diline, folkloryna, edebiýatyna degişli köp maglumatlary toplandygyny ýazýar. Onuň Magtymgulynyň 260 sahypalyk golýazmasyny tapandygyny we 1870-nji ýylda «German Gündogar jemgyýeti» žurnalynda «Türkmen dili we Magtymgulynyň diwanlary» atly makalasyny çap etdirendigini ýazýar. Soňra 1879-njy ýylda Leýpsig şäherinde Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyny çap etdirendigini hem aýdýar. Şondan soň Magtymgulynyň goşgularynyň Ýewropanyň beýleki dillerine terjime edilip başlanandygyny awtor belleýär. A.Wamberiniň «Orta Aziýa syýahat» atly kitabyny mysal getirmek bilen, awtor «Türkmenler Magtymgulynyň goşgularyny aýdym edip aýdýarlar» diýen sözlerini ýatlaýar. Wamberiniň Magtymgula türkmenleriň goýýan hormaty hakda ýazanlaryny mysal getirip, şahyryň kitabynyň Gurhandan soň ikinji orunda durýandygy hakda aýdandygyny ýatlaýar. «Wamberiniň bellemegine görä, Magtymgulynyň goşgulary arassa türkmen diliniň nusgasydyr. Mazmuny boýunça bolsa, aýratynam, atlar, ýaraglar, batyrlyk, watansöýüjilik ýaly temalara degişli goşgulary ýokary derejededigi bilen tapawutlanýar» diýip, awtor belläp geçýär. Türkmen edebiýatçy alymlary, taryhçylary XIX asyrda wenger syýahatçy-alymy Arminiý Wamberiniň Merkezi Aziýa töwekgelçilikli syýahaty döwründe türkmen topragynda bolup, türkmen halkynyň taryhyny, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde bitiren işleri, toplan gymmatly maglumatlary aýratyn bellärliklidigini özleriniň ylmy barlaglarynda ýazýarlar. Bu bolsa ylma uly hormat goýýan milli Liderimiziň tagallasy bilen halklaryň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň biziň döwrümizde has giň gerime eýe bolýandygyny, halklaryň edebi mirasyny öwrenmekde hiç hili serhetleriň bolup bilmejekdigini ýene-de bir gezek subut edýär.

 

Aşyrgeldi Jumaýew,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň Raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.

  • 37
  • 30.07.2020