MAKALA

Russiýanyň goranyş senagaty täze 2S43 Malva 152mm 8x8 kysymly özi hereket edýän gaubisany köpçülige hödürledi

Russiýanyň goranyş senagaty, häzirki wagtda ROSTEC-iň düzümine girýän Uralwagonzawodyň bölümi bolan Burevestnik Merkezi ylmy-barlag instituty tarapyndan işlenip düzülen Malva diýlip atlandyrylýan 8x8 kysymly tigirli, 152 mm kalibrli özi hereket edýän gaubisany köpçülige hödürledi. Täze 2S43 Malva, Braýansk awtoulag zawody tarapyndan öndürilen 8x8 kysymly BAZ-6010-027 harby ýük awtoulagynyň şassisine esaslanýar. Ulagyň öň böleginde ekipaj, yz böleginde bolsa artilleriýa ýarag ulgamy ýerleşýär. Russiýanyň harby çeşmelerine görä, 2S43 Malwa 152 mm 2A64 topy bilen ýaraglanandyr. 2S43 Malwa, täze ýarag oklandyryş mehanizminiň ulanylmagy sebäpli minutda 8 ok atýar.

  • 46
  • 30.07.2020