MAKALA

Hünär eýesini eziz eder

Ýaşlary halkymyza, ata Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly terbiýeläp ýetişdirmek döwrüň wajyp meseleleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynda ýaşlarymyza asylly terbiýe bermek, olary dogry durmuş ýoluna gönükdirmek barada söz açýar. Ýaşlarymyza jemgyýete peýdaly zähmetiň islendik pudagynda öz güýçlerini synap görer ýaly mümkinçilikler köpdür. Olary hünärlere ugrukdyrmak işiniň ähmiýeti bolsa örän uludyr.

Ýurdumyzda häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän okuw mekdeplerinde ýaşlaryň umumy zähmet endikleri ösdürilip, köp sanly hünärlere giň ýol açylýar. Olary zähmete taýýarlamak esasy wezipeleriň biridir.

Türkmen maşgalasynda zähmetsöýerlik, hünärlere söýgi, isleg häli-şindi ündelip gelnipdir. Halk döredijiliginde, parasatly şahyrlarymyzyň goşgularynda zähmete hormat goýmak, hünärli adam bolup ýetişmek ýaly asylly häsiýetler wagyz-nesihat edilýär. «Hünärli ýigit — miweli agaç», «Ýigit görki — hünär», «Hünäriň ýaramazy bolmaz», «Hünärli är hor bolmaz», «Ýigide müň dürli hünär hem azdyr» diýen atalar sözleri muňa şaýatlyk edýär.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň «Ykrarsyz ärden» diýen şygrynda:

Köňlüň istän işi çykmaz

Nan ýagysy kärsiz ärden — diýip, belli bir käriň başyny tutmadyk adamyň emelsiz bolýandygyny aýtsa, «Ýalydyr» goşgusynda:

Hünärli ykbally ärler

Maly-pul guçan ýalydyr — diýip, belleýär.

Çagalar öý hojalygyndaky we ondan daşarky zähmetiň dürli görnüşlerine gatnaşypdyrlar. Olar ýaşlykdan maşgalanyň durmuşynyň içinde ösüp, kemala gelipdirler. Ine, bu günki günde ýaşlarymyz üçin hünär saýlamaga ähli şertler döredilendir. Ýaşlary hünär saýlamaga taýýarlamak diňe bir mekdebiň işi däldir. Bu işde ene-atalaryň orny hem örän uludyr.

Hormatly Prezidentimiziň: «Ynsanyň ilkinji ylym endikleri maşgala ojagyndan, ýaşlyk döwründen başlaýar» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, maşgalada atanyň we enäniň öz kärini söýmek, ony hormatlamak boýunça şahsy görelde görkezmekleri möhüm ähmiýete eýedir. Çagalar, köplenç, ata-enesiniň kesbi-kärini dowam etdirýärler.

Ata-ene öz çagalaryna hünär saýlamakda onuň okaýan mekdebi bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklamalydyr. Mugallym bu meselede ata-eneleriň maslahatçysy bolmalydyr. Hünäriň çagalar tarapyndan tötänden saýlanyp alynmagyna ýol bermeli däldir, sebäbi biziň ýaşlarymyzyň geljegi olaryň saýlap alan hünärleri bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Şonuň üçin hünäriň oýlanyşykly saýlanmagyna ata-eneler borçludyrlar. Olar özleriniň işleýän edaralarynda, kärlerinde bitirýän işleri barada çagalaryna gürrüň bermelidir.

Hünär saýlamakda teleradioýaýlymlardaky we metbugatdaky berilýän gyzykly maglumatlar hem çagalar üçin peýdalydyr.

Çagalaryň öýde ata-enäniň edýän işleri bilen gyzyklanyp, berýän sowallary jogapsyz galmaly däldir.

Hünär saýlamaga taýýarlamakda ata-eneler çagalaryň erk-islegleriniň garşysyna gitmeli däldirler, olaryň islemeýän hünärini saýlamaklaryny maslahat bermek bolmaz.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hünärleriň ählisi at-abraýa eltýändir.

Mundan başga-da, maşgalada çagalaryň durmuşy barada pikir alyşmak wajypdyr. Haýsy ýerde çagalar bilen ata-eneleriň arasyndaky özara gatnaşyk ysnyşykly bolsa, şol maşgaladaky çagalaryň terbiýesi hem asylly bolýar.

Wepa Pirgeldiýew.

  • 48
  • 03.08.2020