MAKALA

Gündogar tymsallary

Kim güýçli?

Hytaýyň söweş sungaty boýunça iň güýçli ussatlary öz aralarynda kimiň has ökdedigini barlamak isläpdirler. Olar özleriniň şägirtlerini ýanlaryna çagyryp, olara deň ululykdaky daşlary berip, özlerine zyňmaklaryny buýrupdyrlar. Birinji ussat ähli zyňylan daşlary yzyna hiç hili şikes almazdan gaýtarypdyr. Ikinji ussat hem daşlaryň hemmesinden ezberlik bilen sowlupdyr. Onuňam hiç ýerine şikes ýetmändir. Üçünji ussada bolsa, hiç bir şägirdi ýekeje daş hem zyňmandyr.

 

Synanyşmakdan gorkma

Gadymy döwürde bir patyşa öz köşgündäki ýakyn adamlaryndan haýsynyň wajyp döwlet wezipesini eýeläp biljekdigini barlamagy ýüregine düwüpdir. Şol maksat bilen köşgündäki ähli akyldarlary, wezirleri ýygnap, bir uly gapynyň ýanyna äkidipdir. Beýle uly gapyny ol ýerdäkileriň hiç haýsy öň görmändir eken. Patyşa:

— Bu köşkdäki iň uly gapy. Kim şu gapyny açyp biler? — diýip sorapdyr. Ol ýere ýygnanyşanlaryň ählisi «açyp bilmeris» diýen terzde kellelerini ýaýkapdyr. Akyldarlaryň käbiri bolsa gapyny gözden geçirip, açyp bilmejekdiklerini boýun alypdyrlar. Hatda: «Eger akyldarlar «açyp bilmeris» diýýän bolsa, onda biz üçin-ä synanyşyp oturasy iş hem ýok» diýip pikir edip, gapynyň golaýyna gelmedikler hem bolupdyr.

Diňe bir wezir gapynyň ýanyna barypdyr-da, ony esli wagt ünsli synlapdyr. Soňra güýjünde baryny edip, gapyny itipdir welin, gapy açylypdyr. Asyl görlüp oturylsa, gapy gulplanmadyk, ýöne ýapyk duran eken.

Patyşa ol wezire seredip:

— Şol wezipäni sen eýelärsiň. Sebäbi sen görenleriňe we eşidenleriňe bil baglaman, öz güýjüňe ynanýan we synanyşmakdan asla gorkmaýan adam ekeniň — diýipdir.

 

Jomartlygyň çägi

Bir obada sahylykda, jomartlykda, eli açyklykda tanalýan bir baý adam bar eken. Günleriň bir güni üýşmeleňde ondan «Sen özüňdenem jomart, eli açyk adama duşup gördüňmi?» diýip sorapdyrlar. Ol:

— Hawa — diýip, sözüni dowam edipdir.

— Bir gün men bir ýaş ýigidiňkide myhmançylykda boldum. Onuň bary-ýogy dokuz sany goýny bar eken. Ol saçaga dürli-dümen zatlary getirip, bir goýnunam soýup, ony bişirip saçakda goýdy. Nahar diýseň süýji bolup, esasan-da, goýnuň etinden bir lukma diýseň göwnüme ýarady. Men oňa: «Ömrümde iýen iň süýji lukma etim şu eken» diýdim. Şondan soň ol ýaş ýigit gidip, hemme goýunlaryny soýup, meniň göwnüme ýaran şol lukmany gowrup getiripdir. Men o hakda hiç zat güman etmän, gowrulan et lukmalary hezil edip iýdim. Haçan-­da men öýe gaýtmak üçin daşyna çykanymda, onuň goýunlarynyň ýokdugyny gördüm. Men geň galyp, ondan näme üçin beýdendigi hakynda soradym. Onda ol ýaş ýigit: «Size meniň öýümden bir zadyň göwnüňize ýaranyna men diýseň begenýärin» — diýdi.

Üýşmeleňde oturanlaryň biri:

— Onsoň, onuň saňa eden ýagşylygyny sen nähili gaýtardyň? — diýip sorapdyr. Baý bolsa:

— Men oňa üç ýüz düýe bilen bäş ýüz sany goýun berdim — diýipdir.

Şonda oturanlar ýerli-ýerden: «Diýmek, sen ondan has jomart bolýaň-­da» diýşipdirler. Baý bolsa: «Ýok, siz ýalňyşýaňyz, ol ýigit maňa elindäki bolan bar zadyny berdi. Men bolsa oňa özümdäki baýlygymdan diňe bir bölegini berdim» — diýipdir.

 

Sylap Durdyýew.

  • 55
  • 03.08.2020