MAKALA

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wideorolik Ýaponiýanyň Miýazaki şäheriniň baş meýdançasynyň ekranynda

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda Türkmenistan BMG derejesinde yglan edilen hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny belleýär. Şu ýyl «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda bu wajyp senä bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär.

Şunlukda, 2020-nji ýylyň 20-nji iýulyndan başlap, Ýaponiýanyň Miýazaki prefekturasynyň Miýazaki şäherinde ýerleşýän Içibangaý meýdançasynyň uly ekranynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolanyndan soň 25 ýylyň dowamynda gazanan sepgitleri barada wideorolik görkezilip başlandy. Şeýdip, Miýazaki şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistan, onuň oňyn bitaraplyk syýasaty arkaly durnuklylygy, howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmekdäki orny bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik gazandylar. Bu wideoroligiň görkezilişi şu ýylyň sentýabr aýyna çenli dowam eder.

  • 37
  • 03.08.2020