MAKALA

Ýigidiň myrady bedew

Türkmenistan döwletimiziň pajarlap, gül açýan döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen atçylyk pudagynyň ösmegine ýokary derejede üns berilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň özüniň görelde bolmagynda hem-de başda durmagynda atçylygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, ýetilen belent sepgitler muňa aýdyň güwä geçýär.

Pudagyň işiniň ilerlemeginde Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň paýy-da uludyr. Ilkinji nobatda bellemeli zatlaryň biri, Gullugymyzda ahalteke bedewlerimiziň ýüzlerçesi giňden peýdalanylýar. Türkmen ýigidiniň wepaly dosty, göwün syrdaşy bolan bedewlerimiz — bu günki gün serhetçileriň hem ýakyn ýardamçysy.

Gullugymyzda gulluk atlary taýýarlanylýar we olara baş öwredilip, ýörite ideg edilýär. Gulluk atlary tabşyryklary guramakda serhetçilere ýeňillikleri döredýär. Bir tarapdan, olar tebigatyň kyn şertlerinde, barmasy kyn ýerlere gitmekde ulag serişdesi bolup hyzmat etse, beýleki tarapdan, olaryň ynsan ýaly ýiti duýgurlygy, syzgyrlygy arkaly, ýüze çykýan ýagdaýlar barada habarly bolmak mümkin. Şu görkezijiler ýene bir ýola türkmen atynyň — ahalteke bedewlerimiziň häsiýetli aýratynlygyny açyp görkezýär.

Gullugymyzda gulluk atlaryna baş öwretmekde, olara ideg etmekde taýýarlykly hünärmenleriň eýeleýän orny uludyr. Şeýle harby hünärmenler yzygiderli taýýarlanylýar. Türkmenistanyň Serhet institutynyň Goşun hojalygy kafedrasynyň düzüminde bu ugurdan ýokary bilimli, başarnykly hünärmenler taýýarlanylsa, harby bölümlerde, serhet birikmelerde gulluk edýän çagyryş boýunça harby gullukçylaryň arasyndan ukyplysy saýlanylyp alnyp, ýörite okuwlary guramak arkaly, ýaş hünärmenler hem ýetişdirilýär. Bu bolsa dost-doganlyk serhedimiziň asudalygyny mäkäm gorap saklamaga uly itergi berýär.

Serhet araçäklerimizi berk goramakda serhetçileriň hemrasy bolan ahalteke bedewlerimizi peýdalanmaga ýakyndan ýardam berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Watan goragçylary üçin derwaýys harby özgertmeleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, alyp barýan döwletli işleri ýagty ertirlere ýaran bolsun!

 

Ýaran Akmämmedow.

  • 68
  • 03.08.2020