MAKALA

Bütindünýä küşt olimpiadasy başlandy

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Halkara Küşt federasiýasy (FIDE) tarapyndan ilkinji gezek gurnalýan Bütindünýä onlaýn küşt Olimpiadasyna badalga berildi. Ýaryşa dünýäniň 163 döwletinden milli ýygyndy toparlar gatnaşýar. Toparlaryň düzüminde 2 erkek kişi, 2 zenan we ýaşy 20-ä ýetmedik 1 oglan bilen 1 gyz çykyş edýär. Oýunçylaryň her biriniň deregine ätiýaçdaky 1 oýunçynyň ýaryşa goşulmaga hukugy bardyr. Her oýunçynyň toplan utugy umumy hasaba goşulýar. Küşdüň çalt görnüşi boýunça geçirilýän bu ýaryşda her döw üçin 15 minut we her goşmaça göçüm üçin hem 5 sekunt goşmaça wagt berilýär.

FIDE-niň çykaran karary esasynda bu ýaryş adaty bolmadyk düzgün esasynda geçirilip, bäsleşik birnäçe tapgyrdan ybaratdyr. Geçen gezekki adaty Olimpiadanyň netijelerine laýyklykda, ähli ýurtlar 5 sany diwiziona bölündi. 2018-nji ýylda Batumide geçen Bütindünýä küşt Olimpiadasynda 1-15-nji orunlary eýelän ýurtlaryň ýygyndylary, şeýle hem her yklymyň küşt federasiýalary tarapyndan hödürlenen iki sany güýçli topar iň ýokary – birinji diwizionda güýç synanyşýar. Geçen Olimpiadada görkezen netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Germaniýa we Ispaniýa ýaly örän güýçli ýygyndylar bilen bir hatarda 2-nji diwizionda oýnar.

— Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu ýaryşa gatnaşýan iň ýaş toparlaryň biridigini aýratyn bellemek gerek – diýip, Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Myratdurdy Haşaýew belleýär.

— Biziň ýygyndymyzdaky türgenlerimiziň ortaça ýaşy 20-ä deňdir. Muňa garamazdan, olaryň hatarynda mekdep okuwçylarynyň arasynda dünýäniň çempiony bolan ýaşlarymyz – Annagözel Mekanowa bilen Saparmyrat Atabaýew, Aziýanyň çempiony Azat Nurmämmedow we Aziýada bürünç medala mynasyp bolan Emin Kulyýew bardyr. Saparmyrat Atabaýew 2012-nji ýylda çagalaryň arasynda geçirilen Bütindünýä küşt Olimpiadasynda altyn medala mynasyp bolupdy. Umuman alanyňda, Bütindünýä küşt Olimpiadasy türkmen türgenlerine hemişe şowlulyk getirýärdi. Şunuň ýaly Bütindünýä Olimpiadalarynda tanymal küştçülerimiz Mähri Geldiýewa (Öwezowa), Maksat Atabaýew hem-de Ýusup Atabaýew grossmeýsteriň kadasyny doldurypdylar. Türkmenistanyň çempionlary Saparmyrat Atabaýew, Bahar Hallaýewa we Jemal Öwezdurdyýewa bolsa geçen Olimpiadada halkara sport ussadynyň kadasyny doldurdylar. Şol ýaryşda ýaşajyk zehinimiz Lala Şöhradowa FIDE-niň ussadynyň kadasyny doldurmagy başarypdy.

22-nji iýulda oýna girişen 5-nji diwizionyň toparlarynyň arasyndan öňe saýlanan toparlaryň 3-si bäsleşiklerini 4-nji diwizionda dowam eder. 4-nji diwizionda tapawutlananlar 3-nji diwiziona geçiriler. Türkmenistanyň ýygyndysynyň oýunlary awgust aýynyň 12-sine başlanar. Bu diwiziondaky 35 toparyň hataryna 3-nji diwiziondan saýlanan 15 topar goşular. 2-nji diwiziondaky toparlar dört toparça bölünip, aýlaw görnüşinde ýaryşarlar. Her toparçanyň ýeňijisi ýokary diwiziona çykmaga hukuk gazanar.

Ýokary diwizionda öňe saýlanan 8 topar öz aralarynda «utulan çykdy» düzgüni boýunça bäsleşerler. Ilkinji gezek geçirilýän Bütindünýä onlaýn küşt Olimpiadasynyň ýeňijisi 2020-nji ýylyň 30-njy awgustynda yglan ediler.

 

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.

  • 59
  • 03.08.2020