MAKALA

Rekorda 3 ýeňiş galdy

Formula 1 boýunça möwsümiň 7-nji bäsleşigi Belgiýada geçirildi. Ýurduň Spa şäherindäki  «Spa-Frankorçamps» trassasynda geçirilen ýaryşda «Mercedes» toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton ýeňiş gazandy. Ilkinji hatardan başlan Hamilton 44 aýlaw 1 sagat 24 minut 08,761 sekuntda geçmegi başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 5-nji, karýerasyndaky 89-njy ýeňşidir. Şeýlelikde, Hamilton ýene-de 2 ýeňiş gazanan ýagdaýynda Mihael Şumaheriň rekordyny gaýtalar. Hamiltondan 8,4 sekunt yza galan topardaşy, finlýandiýaly sürüji Waltteri Bottas 2-nji, «Red Bulluň» niderland piloty Maks Werstappen bolsa, 15,4 sekunt giç galyp, 3-nji ýeri eýeledi.

Geçirilen 7-nji bäsleşikden soň, 1-nji orunda barýan Lýuwis Hamilton utugyny 157-ä çykardy. 2-nji basgançakdaky Maks Werstappeniň 110, 3-nji ýeräki Waltteri Bottasyň 107 utugy bar.

Möwsümiň 8-nji ýaryşy 6-njy sentýabrda Italiýada geçiriler. 

  • 36
  • 03.09.2020