MAKALA

Gaznaly türkmen jahan döwletiniň medeniýeti

Taryhda türkmen topragynda we onuň çäklerinden daşarda ýetmişden gowrak döwleti döreden edermen ata-babalarymyzyň milli hem-de dünýä medeniýetine uly goşant bolan: guran-döreden şäherdir galalary, ylmy ýadygärlikleri mähriban Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri zamanabap milli ruhda terbiýelemäge, olaryň aňynda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Mahmyt Gaznaly döwründe Gaznaly döwletinde şäherleriň, aýratyn hem paýtagt şäher bolan Gaznanyň gülläp ösmegine aýratyn üns berlipdir. Döwletiň garamagynda bolan ýurtlardan ussat hünärmenleriň, ymaratçylaryň, senetkärleriň bir ýere ýygnanmagy bilen, paýtagt şäher gözel ymaratlar bilen bezelipdir. Orta asyr taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň wasp eden Gazna şäheri Kabuldan 134 kilometr günortada Kabul — Gandagar ýolunyň ugrunda, Gazna derýajygynyň jülgesinde ýerleşipdir.

Bu şäher barada ilkinji maglumatlar VII asyra degişlidir. Ol X — XI asyrlarda gaznaly döwletiniň paýtagty bolan döwründe iň ýokary derejä ýetipdir. Gazna şäheri ol wagtda bütin Orta Gündogaryň söwda we medeniýet merkezleriniň birine öwrülipdir.

Gaznadaky köşkler toplumy bolan Laşkari Bazar XI asyryň başynda Gilment derýajygynyň kenarynda, Bust şäheriniň üç kilometr demirgazygynda gurlupdyr. Ol soltan Mahmydyň tomusky bolýan ýeri bolupdyr. Bu köşkler toplumy merkezi, günorta we demirgazyk köşklerden, metjitden, bazardan, seýilgähden, şeýle-de iki sany kabulhanadan (rezidensiýadan) ybarat bolupdyr.

Laşkary Bazar köşkler toplumy žiwopis eserleri bilen bezelipdir. Soltan Masud III (1099 — 1115 ýý) döwründe Gazna şäheriniň ýakynynda «şäheriň daşky köşkler toplumy» gurlupdyr. Bu köşkler toplumynda araplaryň kufi ýazuwynda ýazylan hatda onuň 1112-nji ýylda tamamlanandygy barada habar berlipdir. Bu köşkler toplumynyň daşy kürş (trapesiýa) görnüşinde diwar bilen gurşalypdyr. Merkezi köşgüň daş tarapy gazma nagyşlar bilen bezelipdir. Köşgüň daşky tarapynda tagçalarynyň aşaky bölegi mermer daşlar (plitalar), gazma usulynda salnan ösümlik şekilli we geometrik nagyşlar, lenta görnüşindäki kufi ýazgylary bilen bezelipdir. Onuň ýokarky bölegi sary, gyzyl we gök reňkli gazma nagyşlar bilen bezelipdir.

Gaznaly hökümdarlary bişen kerpiçden her hili nagyşlar we arap hatlary bilen bezelip, örän ussatlyk bilen esasy ýyldyz görnüşinde edilip, iki sany jübüt-jübütden köpgyraňly belent minara gurdurypdyrlar. Bu minaralar Masud III (1099 — 1115) we Bahram şanyň (117 — 1152) döwleti dolandyran döwürlerinde bina edilipdir. Masud III minarasy köşgüň demirgazyk diwarynyň garşysynda gurlup, onuň häzirki beýikligi 45 metre golaýdyr. Sekiz burçly ýyldyz görnüşli minaranyň her biri jübüt gyraňlary gaýtalanmaýan geometrik we ösümlik görnüşli nagyşlar bilen bezelipdir. Minarany öwreniji alymlaryň çaklamalaryna görä, onuň ilkibaşdaky beýikligi, takmynan, 90 metre deň bolupdyr.

Gazna şäheriniň çetinde Gaznalylar döwletiniň hökümdarlary Mahmyt Gaznalynyň, Masudyň, Bahram şanyň aramgähleri saklanyp galypdyr. Olaryň käbiri rejelenip, beýlekileri bolsa köne mazaryň üstünde täzeden gurlupdyr.

Gazna şäheri XII asyryň ortalarynda ilki seljuk soltany Sanjar, soňra gurlar tarapyndan eýelenipdir. XIII asyryň başlarynda ony ilki horezmşalar, soňra hem mongollar basyp alypdyrlar.

Mahmyt Gaznalynyň köşgünde ady belli meşhur şahyrlar we alymlar jemlenipdir, olara uly hormat goýlupdyr. Şonuň üçin Mahmyt Gaznalynyň garamagyndaky «Alymlar köşgi» uzak wagtlap öz şöhratyny ýitirmändir. Gaznaly hökümdarlarynyň «Alymlar köşgünde» Balhdan, Seýistandan, Merwden, Bustdan, Tusdan we Damgandan gelen şahyrlaryň döredijiligi belent derejede ösüpdir. Olaryň döreden eserleri Mahmyt Gaznaly tarapyndan gymmatbaha sylaglar bilen höweslendirilipdir. Köşk şahyrlarynyň arasynda Ahmet Unsury, Abad al-Hasan Farruhi, Abu Hajim Ahmet Menuçehri, Mansur Asjady özleriniň zehinliligi bilen aýratyn tapawutlanypdyrlar.

Gaznaly köşgünde abraýly şahyrlaryň biri balhly Abulkasym Hasan ibn Ahmet Unsury (960 — 1039) bolupdyr. Ol soltan Mahmydyň dogany Nasyryň üsti bilen gaznalylar köşgüne kabul edilipdir. Unsury soltan Mahmydyň ýörişleriniň aglabasyna gatnaşypdyr we öz kasydalarynyň esasy bölegini soltanyň ýeňişlerini wasp etmäge bagyşlapdyr.

Merwli Abu Hazar Abdyleziz ibn Mansur Asjady X asyryň ikinji ýarymynda dünýä inip, 1040 — 41-nji ýyllarda aradan çykypdyr. Ol Unsury, Farruhy ýaly tanymal şahyrlar bilen bir wagtda Gaznalylar köşgünde işläpdir. Şu üç şahyryň döredijiligi Gaznalylar döwrüniň şygryýetiniň aňrybaş nusgasy hasaplanylýar.

Gaznaly hökümdarlary ylmy ösdürmäge mynasyp goşant goşupdyrlar. Olar şol döwrüň meşhur alymlaryny Gazna ýygnap, olaryň ylmy döredijiligi üçin şertleri döredipdirler. Şeýle alymlaryň biri Abu Reýhan Muhammet ibn Ahmet Biruny (973 — 1051) bolupdyr. Ol Owganystan, Eýran, Hindistan ýaly ýurtlara ylmy maksatlar üçin syýahat edipdir. 1017-nji ýylda soltan Mahmyt Horezmi eýeländen soň, Birunyny özi bilen Gazna alyp gaýdypdyr. Biruny soltan Mahmydyň Hindistana eden ýörişlerine gatnaşyp, ol ýerde sanskrit-gadymy hindi dilini, şeýle-de bu ýurduň halkynyň adatlaryny we däp-dessurlaryny öwrenipdir. Hindistandan gelenden soň, «Hindilere degişli, paýhas tarapyndan kabul edilýän ýa-da inkär edilýän taglymatlaryň düşündirilişi ýerleşdirilen kitap» atly eserini ýazypdyr. Bu kitap «Hindistan» ady bilen meşhurdyr. Şeýle-de 1030 — 1036-njy ýyllarda soltan Masuda bagyşlap «Astronomiýa we ýyldyzlar boýunça Masudyň kanuny» atly kitabyny ýazypdyr. Biruny astronomiýa, matematika, geografiýa, taryh, lingwistika, geologiýa, himiýa, fizika ylymlary boýunça birnäçe ylmy iş ýazypdyr. Şolaryň 30-dan gowragy mongol çozuşlaryndan ozal Merwiň kitaphanalarynda saklanýan eken.

Birunynyň ylmy döredijiliginiň has ösen wagty alymyň Gaznada ýaşan wagtlarydyr. Munuň özi gaznaly türkmenleriň köşgünde alymlar üçin zerur şertleriň döredilendigini görkezýär.

XI asyryň başynda Mahmyt Gaznalynyň köşk alymy bolan Abu Nasr Utbi 1021-nji ýylda soltana bagyşlap arap dilinde «Tarihi Ýamini» (Kitab al-Ýamini) atly kitabyny ýazypdyr. Bu kitapda gaznalylar döwletini Söbük Teginiň we Mahmydyň dolandyran ýyllarynyň wakalary beýan edilipdir.

Gaznalylar döwrüniň görnükli taryhçylarynyň biri Abu Said Gardizi hasaplanylýar. Gardizi soltan Maudud bilen Masudyň döwleti dolandyran döwrüne çenli gaznaly döwletiniň taryhyny özünde jemleýän «Zaýn al-ahbar» («Habarlaryň bezegi») atly kitabyny ýazypdyr. Gaznaly türkmen döwleti barada taryhçy Abul Fazli Beýhakynyň eseri ajaýyp çeşme bolup durýar. Beýhakynyň «taryhy Masudi» («Masudyň taryhy») atly eseri Gündogary öwreniş edebiýatynda belli bolupdyr. Beýhakynyň bu taryhy işi birnäçe kitapdan ybarat bolup, olaryň diňe soňkulary bize gelip ýetipdir. Bu ajaýyp eseriň saklanyp galan bölekleri Gaznaly soltany Masudyň (1030 — 1041 ýý) döwleti dolandyrmagyna bagyşlanypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagy bilen, bu günki ajaýyp zamanamyzda bize ajaýyp ýurdumyzyň taryhyny, şeýle-de bu taryhyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ösdürilen ýurtlaryň taryhy bilen baglanyşykly möhüm pursatlary çuňňur öwrenilip, ýaş nesle halkymyzyň goňşuçylyk edebi, özara gatnaşyklaryň medeniýeti babatda giň düşünjeler berilýär.

Goý, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, döwletli işleri rowaç bolsun!

 

Akmuhammet Annaýew,

Baýramaly etrap bilim

bölüminiň baş hünärmeni.

  • 45
  • 03.09.2020