MAKALA

Ilkinji ýeňşi

Moto GP boýunça möwsümiň 5-nji ýaryşy Awstriýa «Gran Prisinde» portugaliýaly Miguel Oliweira ýeňiji boldy. Awstriýanyň Spilberg şäherindäki «Red Bull» trassasynda geçirilen 28 aýlawlyk ýaryşyň 16-njy aýlawynda ispaniýaly Mawerik Winýalesiň heläkçilige uçramagyndan soň, ýaryş gysga wagtlyk togtadyldy. Trassanyň arassalanmagyndan soň, galan 12 aýlaw üçin ýaryşa täzeden bat berildi. Ýaryşyň soňky öwrüminde 2 garşydaşynyň deňinden geçmegi başaran «Red Bull KTM Tech 3» toparynyň sürüjisi Miguel Oliweira ýeňiş gazandy. Bu onuň Moto GP-däki ilkinji ýeňşidir. Ýaryşda 2-nji ýeri «Pramac Ducati» toparynyň awstraliýaly sürüjisi Jek Miller eýeledi. Ilkinji hatardan bat alan «Red Bull KTM Factory» toparynyň ispan sürüjisi Pol Espargaro 3-nji ýeri bilen oňňut etmeli boldy.

Geçirilen 5-nji ýaryşdan soň 70 utuk toplan Fabio Kuartararonyň liderligi dowam edýär. Andrea Dowizioso 2-nji, Jek Miller 3-nji hatarda barýar. Möwsümiň 6-njy «Gran Prisi» 13-nji sentýabrda San Marinoda geçiriler.

  • 40
  • 04.09.2020