MAKALA

Maru-Şahu Jahan — ýaşaýşyň şalygy

Gadymy döwürlerde Murgap derýasynyň boýunda iki sany uly şäher bolupdyr. Olaryň biri Murgap derýasynyň saka taraplarynda bolupdyr we oňa Maru-ar-Rud (Merwerud, Maryd ýa-da Ýokarky Mary) diýlip at berlipdir. Has gadymy we dünýäniň taryhynda, edebiýatynda meşhur bolan Mary şäheri Murgap derýasynyň aýaklarynda bolupdyr. Onuň harabalary Baýramaly şäheriniň demir ýol menzilinden 4-6 kilometrlikdedir. Ýene-de üçünji Mary hem bar, bu şäher häzirki wagtda Mary welaýatynyň merkezidir. Ol gadymy Mary harabalaryndan 25 kilometr günbatar tarapdadyr. Bu Mary şäheriniň düýbi orta asyr zamanyndaky Mahap diýen uly obanyň golaýynda tutulypdyr. Gowşut hanyň salan galasy-da şol ýerde Murgap derýasynyň sag kenarynda bolupdyr.

Atlary meňzeş bolan şol üç şäheriň arasynda häzir bizi gyzyklandyrýany gadymy Maru-Şahu Jahandyr. Onuň harabalary, ýaňy aýdylyşy ýaly, Baýramaly demir ýol menziliniň ýakynyndadyr. Gadymy Maru-Şahu Jahanyň taryhyna seretseň, Baýramalynyň ýakynyndaky harabalaryň hemmesi geçmişde diňe bir gadymy Marynyň adyny götermändir. Gadymy Marynyň häzirki wagtky harabasynyň duran çäginde dürli wagtlarda dört sany aýry-aýry gala-şäher bolupdyr. Ol şäherleriň ady Mary ekeni, emma olaryň her biri özbaşyna dowam edipdir. Iň gadymy gala-şäher bolan Gäwürgalanyň düýbi örän köne eýýamda tutulypdyr. Bu şäher Mouru ady bilen gadym Zaroastri mukaddesnamalarynda, Zend-Awestde agzalýar. Marynyň ady Bagustun gazma ýazuwynda, takmynan, 2500 ýyl mundan ozal agzalypdyr. Bu şäheriň we welaýatyň Margian ady gadymy grek hem-de rimli awtorlaryň (Strabonyň, Gerodotyň, Plininiň) eserlerinde hem bar. Hytaý ýazgylarynda Mara «Mu-Lu» diýilýär. Gäwürgalanyň harabalary gündogar tarapda, Türkmenabat şäheri taýyndadyr. Bu galanyň diwarlary heniz hem mese-mälim görnüp dur.

Arap syýahatçysy al-Istahry Abu-Iskah Ibeahim ibn Muhammet al-Farisi öz ýazgylarynda gadymy Maryny doly beýan edýär. Al-Istahriniň ýazan beýanynda şeýle jümleler bar: «Mary özüniň «Maru-Şahu Jahan» ady bilen bilinýär we bina edilişi örän gadym eýýamda bolupdyr. Ondaky galany Tahamurt salypdyr. Bu şäher daglardan uzakda tekiz ýerdedir... Bazarlar bolsa şäheriň derwezesiniň ýanynda, köne metjidiň gapdalynda bolupdyr. Abu-Muslimiň hökümdarlyk eden ýyllarynda bazarlar Majan ýabynyň boýuna geçirilipdir. Mary bazarlary iň arassa bazarlardandyr...».

«Marynyň uly derýasy bar... Bu derýa Zark obasynyň ýanynda bolupdyr, şol ýerde Marynyň tarazy bar... Bu suwy aýratyn başlyk dolandyrýar we onuň ähmiýeti salgytlar müdiriniň ähmiýetinden artykdyr. Şu suwdan on müň adamdan-da köp jemagat eklenýär, olaryň her biriniň şol suwda öz paýy bar diýip aýtdylar. Yslamyň ilki wagtlarynda Marynyň özi musulmanlaryň mekany bolupdyr».

«Halifatyň goşun serkerdeleriniň köpüsi we onuň Yrakdaky emeldarlary, Horasanyň hökümdarlary hem-de görnükli kanunçylar we dilewarlar Maryda dörän adamlardyr... Mary şäheri iýmit önümleri babatda Horasanyň iň gowy şäheridir. Marynyň gallasy Horasanyň iň tagamly gallasydyr. Marynyň kişmişi we başga zatlary beýleki ýerlerden eltilýänlerinden gowy görülýär, gawunyň kak edilip, Yraga äkidilýänligi Mary miweleriniň örän gowudygyny görkezýär. Mary özüniň arassalygy, owadanlygy, ýaplaryň, agaçlaryň arasyndaky jaýlaryň we şäher etraplarynyň düzgünleşdirilişi, bazarlarda senetçi-hünärmentleriň degişlilikde aýry-aýry toparlar bolup ýerleşdirilişi Horasanyň beýleki şäherlerinden aýratyndyr.

Mary şäheri arap halyfatlary döwründe hökümdarlaryň mekany bolupdyr. 808-nji ýyldan 817-nji ýyla çenli Mary halyf Mamunyň paýtagty bolupdyr. Gadymy Mary (Gäwürgala) hakynda araplaryň başga awtorlarynyň-da ýazan maglumaty az däl. Indi Soltangala ady bilen tanalýan beýleki gala-şähere geçeliň.

Bu şäher Beýik seljuk-türkmen soltanlarynyň paýtagty bolupdyr. Soltangala şäher-galasynyň harabalary Gäwürgalanyň gündogar tarapyndadyr. Şol ýerde Soltan Sanjaryň guburynyň üstündäki ajaýyp kümmet henize çenli hem bar. Soltan Sanjaryň demirgazyk tarapyndaky gala-şäheriniň harabalary dogrusynda-da şu ýerde agzap geçse bolar. Emma ol hakda heniz taryhy maglumatlar az bolandygy sebäpli, diňe Soltangala hakyndaky maglumatlary beýan etmeli bolýarys. Arap alymy Abyl-Kasym Х asyrda Maryny (Soltangala) şeýle suratlandyrýar:

«Maru-Şahu Jahan ady bilen belli bolan Mary şäheri gowy howaly, owadan, örän oňat, giň, rowaç şäherdir... Onuň iýmitleri tagamly we arassa, ýaşaýyş jaýlary beýik, tamlary owadanlyklary bilen şäheriň iki tarapynda edil gaýma ýaly bolup durýarlar, akyldar ýaşululary bar, jemagat metjitleriniň ikisi-de daşdan salnypdyr ...».

Seljuk-türkmen hökümdarlary wagtynda Mary öz rowaçlygynyň we baýlygynyň ýokary derejesine ýetipdir. Hökümdarlaryň arasynda Soltan Sanjar öz ýörişleri wagtynda kän baýlyklary ýygnapdyr.

Mary uly medeni merkez bolupdyr. 1216 — 1219-njy ýyllar aralygynda Maryda ýaşan arap geografy Şihabat-Din-Abu-Abdallah Ýakut al-Hamawy Maryda on sany uly kitaphana bolup, olaryň her birinde 12 müň kitap bolandygyny aýdyp, «Şeýle kän we oňat kitaplary başga hiç ýerde görmedim» diýip, öz ýazgylarynda ýazýar.

1227-nji ýylda Mary şäherini Çingiz hanyň ogly Tuli basyp alyp, ony ýumrupdyr. Diňe Soltan Sanjaryň kümmeti we medrese abat galypdyr. Soltangala şäherine suw beren Soltanbent galasy-da ýumrulypdyr. Şondan iki ýüz ýyl wagt geçensoň, ýagny 1409-njy ýylda Timuryň ogly Şahruh Hyratda oturmak bilen, Horasanyň demirgazyk-gündogar bölegine hökümdarlyk eden döwründe Soltangalanyň günorta tarapynda abatlaýyş işlerini geçiripdir.

Gadymy Marynyň ilaty hakynda-da dürs maglumaty arap syýahatçylary we taryhçylary berýärler. Olaryň maglumatlaryna görä, Horasanda, şol sanda Maryda-da oguz-türkmenleri ýaşapdyrlar. Bu bolsa Maru-Şahu Jahanyň türkmenleriň iň gadymy oturymly mekany bolandygyny tassyklaýar.

 

Salyh Jumalyýew,

taryh ylymlarynyň kandidaty.

«Edebiýat we sungat» gazeti.

  • 47
  • 04.09.2020