MAKALA

Mämmetgurban Geldigurbanowyň makalalar ýygyndysy çap edildi

Mämmetgurban Geldigurbanowyň edebi hem-de publisistik makalalarynyň birnäçesini özünde jemleýän täze kitabyny «Ylym» neşirýaty «Pederleriň söhbedi» diýen at bilen çapdan çykardy. «Makalalarda halkymyzyň meşhur şahsyýetleri, olaryň ýaşan ýerleri, durmuşy barada söhbet açylýar. Şeýle hem Etrek etrabynda ýaşap geçen belli adamlar, bagşylar, sazandalar hakda gürrüň edilýär» diýip, «Balkan» gazeti habar berýär.

«Etrekde Garajaoglanyň yzlary ýatyr» hem-de «Garajaoglanyň döredijiligi hakda» diýlip atlandyrylan makalalarda meşhur şahyr hakda söhbet açylýar.

«Göroglynyň Çarbagly Çandybili nirede?» diýen makalanyň maksadynyň nämedigini ady aýdyp dur. Kitapdaky «Ussat halypany ýatlap» atly makalada meşhur bagşy, Türkmenistanyň halk artisti Nurberdi Gulow barada söhbet açylýar. Makalada okyjynyň ünsüni özüne çekip biljek maglumatlar ýeterlik.

Gürrüňi edilýän kitapda tanymal bagşy Orazgeldi Ylýasow, Hanmämmet gyjakçy hakdaky makalalaram ýerleşdirilipdir.

«Ynsap» diýlip atlandyrylan publisistik makalada bolsa Etrek etrabynda ýaşap geçen, halallykda, dogruçyllykda, sadalykda ile nusga bolan adamlar ýagşylykda ýatlanýar.

  • 31
  • 07.09.2020