MAKALA

Şahyr Öwezdurdy Tejenowyň täze kitaby çapdan çykdy

Ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy segsen ýaşy arka atan goja şahyr Öwezdurdy Tejenowyň «Ömrümiň örküne» atly goşgular ýygyndysyny okyjylara hödürledi. Onda şahyryň Watan, il-ýurt, ynsan gatnaşyklary, halypalara, ene-ata hormat, dostluk-doganlyk, söýgi hakyndaky akgynly goşgularynyň ençemesi ýerleşdirilipdir. Bu barada «Edebiýat we sungat» gazeti habar berýär.

Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda edebiýata gelen özboluşly şahyryň ady aýdymçy şahyrlaryň hatarynda tutulýar. Onuň goşgularyna döredilen aýdymlary öz döwrüniň zehinli estrada aýdymçylary Saparmyrat Babaýew, Myratdurdy Saparow dagy ussatlyk bilen ýerine ýetiren bolsalar, häzirki döwürde Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy Täjimow ýaly ezberleriň aýtmagynda häli-şindi teleradio ýaýlymlarda köpçülige hödürlenýär.

Şygyr hem kyssa kitaplarynyň ençemesini okyjylara hödürlän şahyr Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has hem önümli işleýär. Döredijiligi hemişelik hemra edinen şahyr Öwezdurdy Tejenow 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

  • 35
  • 07.09.2020