MAKALA

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň

Asyrlaň çuňundan gözbaşyn alýar,

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

Arkadag pähminden belende galýar,

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

 

Mähriban Diýary ýürekden söýmek,

Peder pähimlerni gursaga guýmak,

Agzybir, jebis il, bir başa uýmak,

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

 

Düşse-de synaglar başa her niçik,

Watan üçin ýeke ýola ant içip,

Ygrarly bolmakdyr jigerden geçip,

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

 

Milliligmiz göýä zynjyrly halka,

Dowam edip gelýän arkama-arka,

Zähmet, ylym-bilim, dostluga sarpa,

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

 

Arş üstünden, Zemin çuňundan gaýnap

çykan, däp-dessuryň kämilin saýlap,

Kiçisin hormatlap, gojasyn sylap,

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

 

Türkmeniň Hormatly il ýaşulusy —

Arkadagyň ýüreginiň ýylysy

siňen eser guwandyrdy ulusy,

Beýany bar asyl ýoly mertleriň,

Döwletlilik ýörelgesi türkmeniň.

 

Maksatmyrat Atabalow.

 

 

Watan, sensiz oňmaryn!

 

Söýdüm yssy mährin eziz topragyň,

Mähribanym, Watan, sensiz oňmaryn!

Kalbyma siňdirip türkmen suprasyn,

Mähribanym, Watan, sensiz oňmaryn!

 

Syn etsem tolkunna goja Hazaryň,

Dumanly daglarňa aýlap nazarym.

Beýikligni süňňüm bilen syzanym —

Mähribanym, Watan, sensiz oňmaryn!

 

Älemiň bar görki sende jemlenen,

Säherleň, sähralaň seleňdir-seleň.

Dünýäde tapylmaz saňa deň gelen,

Mähribanym, Watan, sensiz oňmaryn!

 

Oňmak bolar, köp-köp zatdan aýrylyp,

Nesibede bar zat gelýär aýlanyp.

Bize welin, duşmawersin aýralyk,

Mähribanym, Watan, sensiz oňmaryn!

 

Geliň, Watanyma — ajap mekana!

 

Gözellikde güller bilen bäsleşýän,

Geliň, Watanyma — ajap mekana!

Älem barlygyna özi bäs edýän,

Geliň, Watanyma — ajap mekana!

 

Gudrat siňen daglaryny görmäge,

Geliň, Watanyma, ajap mekana!

Bagt goýnunda ýaýnap, ganat germäge,

Geliň, Watanyma — ajap mekana!

 

Geliň, Watanymyň toýlarna geliň,

Kalbyňyzy besläp ajap mukama!

Hormatyň, mertebäň öýüne geliň,

Geliň, Watanyma — ajap mekana!

 

Baýrammyrat Şyhymberow.

 

 

Mukaddes borç

 

Kalbyma mähirden ýakym-nur çaýyp,

Watany goramak — mukaddes borjum!

Dagy-düzi şygyr ýaly ajaýyp,

Watany goramak — mukaddes borjum!

 

Ýolun dowam edip beýik pederleň,

Bolduk biz serhetçi — «Türkmen edermen»

At-abraýy älem içre göterlen,

Watany goramak — mukaddes borjum!

 

Gül keşbini enem bilen deňämde,

Säherleri şygyr bolar zybanda.

Talyp bolup, şeýle bagtly zamanda,

Watany goramak — mukaddes borjum!

 

Kasama wepaly bolup her demde,

Watan ýükün götereris gerdende,

Mydama bir duýgy möwç urýar mende —

Watany goramak — mukaddes borjum!

 

Watana söýgüden doly aňymyz,

Watan üçin gurban şirin janymyz.

Ähli barlygymyz, şöhrat-şanymyz —

Watany goramak — mukaddes borjum!

 

Ezizylla Kakajanow.

 

 

Arkadaga buýsanç

 

Haýyr işleň başyn başlan Arkadag,

Dünýä aşyk gujuryňa, zoruňa.

Hut öz yhlasyňdan döwran dolandy,

Gül Diýaryňa.

 

Pähim-parasatdan ýetikdir goruň,

Danalygyň bütin äleme äşgär.

Bizi buýsandyrýan zatlaň seresi,

Owazymyz belent daglardan aşýar.

 

Ýüregine Beýik Ýüpek ýolunyň,

Öwürdiňiz gözel Türkmenistany.

Esere saldyňyz taryhy bilen,

Ajap aýdym, gazal Türkmenistany.

 

Eýerip nusgalyk göreldäňize,

Dost-doganlyk serhedinde sak durýas.

Ata Watan — ene toprak mukaddes,

Gözlermiziň göreji deý goraýas.

 

Synlaň il merdiniň merdemligini,

Şöhrat bolsun, Belent Serkerdebaşa!

Halkymyzyň ýagty ertiri üçin,

Beýik işler geçirýändir durmuşa.

 

Mukaddeslik

 

Mukaddesdir bu Watanyň her ýeri,

Ýokdur onuň ýekeje-de kem ýeri.

Ýurt üçin jan alyp, jan beren ärler,

«Watan» diýlen düşünjäniň jemleri.

 

«Watan» diýlen düşünjäniň jemleri,

Alp Arslan, Mälik şa, Keýmir, Gowşutlar...

Watan bakylygny dünýä buşlaýar,

Hakydada hakykata gowşuplar.

 

«Watan» diýlen düşünjäniň jemleri,

41–45-de nem belli bolandyr.

Ýar ojagny saklap oturanlarmyz,

Ähdi-wepalarnyň gelni bolandyr.

 

«Watan» diýlen düşünjäniň jemleri,

Azatlyk ugrunda göreş eden halk.

Birleşen güýjünden ulus-illeriň,

Ýere ýegsan bolup, ýumrulandyr galp.

 

«Watan» diýlen düşünjäniň jemleri,

Toprak astda ýatanlaryň demleri.

Watanyň her ýeri baky mukaddes,

Ýokdur onuň ýekeje-de kem ýeri.

 

Myratgeldi Hallyýew.

 

 

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany

 

Azatlygyň, erkinligiň Diýary,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany.

Dilimizde asudalyk şygary,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany.

 

Ak şäherim Aziýanyň merjeni,

Buşluga beslenýär dogýan her güni,

Birleşdirýär gadym Ýüpek ýoluny,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany.

 

Jana derman säher öwsen howasy,

Ýaňlanyp dur ajap heňli owazy,

Öňe barýas bagtly geljege sary,

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany.

 

Rüstem Oratyýew.

  • 59
  • 07.09.2020