MAKALA

«Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kämilleşdirildi

Bagtyýar zamanamyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda milli hukuk ulgamymyzy, kanunçylyk binýadymyzy kämilleşdirmek, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagy has-da çuňlaşdyrmak, döwleti we jemgyýeti dolandyrmagy döwrebaplaşdyrmak, köp partiýalylygy ornaşdyrmak, jemgyýetiň arasynda tertip-düzgüni, kada-kanuny berkitmek, öz hukuk-borçlaryna ýokary derejede düşünýän we akly ýetirýän ösen aň-düşünjeli jemgyýeti kemala getirmek babatda bimöçber işler durmuşa ornaşdyrylýar. Muňa her bir türkmenistanly janly şaýatdyr. Ynha, şeýle döwletli işleriň biri-de, sanlyja gün mundan öň iş ýüzünde amal edildi. Ýagny «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

 

«Serhet abat — Döwlet abat».

 

Türkmenistanyň Kanuny

«Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet serhedi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 19-njy madda; 2014 ý., № 4, 164-nji madda; 2016 ý., № 2, 98-nji we 103-nji maddalar; 2019 ý., № 1, 10-njy madda; 2020 ý., № 2, 23-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

7-nji maddanyň birinji böleginde «serhet gözegçilik zolagyny,» diýen sözleri «serhet gözegçilik zolagyny, serhet zolagyny» diýen sözlere çalşyrmaly;

23-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«23 1-nji mad­da. Ser­het zo­la­gy

1. Serhet gözegçilik zolagynyň çäginde gury ýerlerde Döwlet serhedinden, şeýle-de serhet derýalarynyň, kölleriniň we beýleki suw howdanlarynyň kenarlaryndan kesgitlenen aralykdaky ýer böleginde serhet zolagy bellenilýär. Serhet zolagynyň ini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

2. Serhet zolagynda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, şeýle hem serhet derýalarynda, köllerinde we beýleki suw howdanlarynda hanalary berkitmek we suwdan peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işlerden başga işleri geçirmek gadagan edilýär.»;

26-njy maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Serhet sebitine, serhet gözegçiligi zolagyna hem-de serhet zolagyna barmagyň, şol ýerde bolmagyň, raýatlaryň we beýleki şahslaryň hereket etmeginiň, hojalyk işlerini geçirmegiň, Türkmenistanyň çäk deň­zinde we içerki suwlarynda hem-de Türkmenistanyň serhet derýalarynyň, kölleriniň we beýleki suw howdanlarynyň suw böleginde özi ýöreýän we özi ýöremeýän gämileri hasaba almagyň, olaryň ýüzmeginiň we saklanylmagynyň kadalaryny öz içine alýan serhet düzgüni Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen bellenilýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.

  • 45
  • 07.09.2020