MAKALA

Bütindünýä küşt olimpiadasy

Ýakynda Küşt olimpiadasynyň netijeleri jemlendi. Bu bäsleşikde Russiýanyň we Hindistanyň toparlary altyn medallara mynasyp boldular. Birinji final duşuşygy 3:3 hasabynda tamamlandy. Ikinji oýunda russiýaly türgenler 4,5:1,5 hasabynda ýeňiş gazandylar. Ýöne hindi toparynyň saýtda kemçilik ýüze çykandygy baradaky ýüzlenmeleri göz öňünde tutuldy. Hakykatdanam, saýtda kemçilik bolup, toparyň göçümi wagtynda amala aşmandyr. Şonuň üçin FIDE toparlaryň ikisinem ýeňiji diýip yglan etdi.

Şeýle internet olimpiadasy ilkinji gezek onlaýn görnüşinde geçirildi. Bu bäsleşige jemi 163 milli ýygyndy toparlar gatnaşdy. 1500 küştçiniň gatnaşan bäsleşigi ähli küşt söýüjileriň üns merkezinde boldy.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşyp, Filippinleriň, Indoneziýanyň, Germaniýanyň, Belarusyň, Awstraliýanyň, Bolgariýanyň, Bangladeşiň we Gyrgyz Respublikalarynyň toparlary bilen bir toparçada çykyş edip, gymmatly oýun tejribesini toplady.

 

Merjen Agaýewa,

sport synçysy.

«Türkmen sporty» gazeti.

  • 35
  • 07.09.2020