MAKALA

Iki tigirli kuwwatly «Jeep»

Iri şäherlerde ilatyň artmagy netijesinde ýüze çykýan ýol dyknyşygy göwrümi has kiçi ulaglara bolan islegi ýokarlandyrýar. Şeýle bolansoň, awtoulag öndüriji kompaniýalar göwrümi has kiçi ulaglar bilen bir hatarda welosipedleriň we samokatlaryň önümçiligine hem üns berip başladylar. Kuwwatly awtoulaglary öndürmegi bilen tanalýan «Jeep» kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji welosipedini satuwa çykardy. Edil «Jeep» maşynlary ýaly ýolsuz ýerden sürmäge niýetlenen welosipediň bahasy 5,900 dollara deň. Bazardaky beýleki welosipedlerden has gymmat hem bolsa, ýokary tehniki aýratynlyklary babatda tapawutlanýar. Iki tigirli ulagda «Bafang Ultra» elektrik motory oturdylýan iki hereketlendirijiniň kuwwaty 1600 watta barabar bolup, inli tigirleri we ösen amortizasiýa ulgamy islendik ýol şertlerinde sürüjiniň rahatlygyny üpjün edýär. Öňki we yzky tigirleri diskli duruzyjylar bilen üpjün edilen welosiped doly batareýa bilen 64 km ýol geçýär. «Jeep» brendi bilen satylsa-da, welosipedde «Jeep-iň» öz öndüren hiç hili şaý-sepi ýok. Daşky gurşaw üçin zyýansyz ulagdaky enjamlary we beýleki şaý-sepleri «Quiet­Kat» kompaniýasy öndüripdir.

  • 31
  • 07.09.2020