MAKALA

«Türkmen alabaýy» arap dilinde

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly çuň manyly kitaby alabaý itleriniň türkmen halkynyň durmuşynda we ykbalynda eýeleýän orny barada gürrüň berýär. Şeýlelikde, milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyny dünýä ýaýmakda bu kitap bahasyna ýetip bolmajak gymmatly çeşmedir. Şoňa görä, 31-nji awgustda paýtagtymyzda geçirilen edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisiniň çäklerinde milli Liderimiziň arap dilinde neşir edilen «Türkmen alabaýy» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Çykyş edenler geçen ýyl çap edilen hem-de halkymyzyň baý milli mirasyna bagyşlanan eserler tapgyryny dowam eden bu kitabyň ynsanperwer ähmiýetini nygtadylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň «Orient Сonsulting and Legal Translation» kompaniýasynyň eýesi, baş menejeri Safa Mahmud Al Janabiniň belleýşi ýaly, «Türkmen alabaýy» kitabynyň arap diline terjime edilmegi arap dünýäsiniň örän giň okyjylar köpçüligine Türkmenistany açýar. Indi arap dünýäsiniň halkyna türkmen halkynyň baý taryhy we täsin medeniýeti, ruhy gymmatlyklary baradaky bilimlerini artdyrmaga ajaýyp mümkinçilik döreýär.

Umuman, täze neşiriň çap edilmegi Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm wakadyr. Şol gatnaşyklar ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýär.

 

«Nesil».

  • 28
  • 08.09.2020