MAKALA

Neolit eýýamynyň yzlary

Gruziýanyň Bolnisi şäheriniň golaýyndaky Maşawera depesinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýurduň arheologlary miladydan öň, IV müňýyllyklara degişli gadymy şäherçäniň galyndylaryny ýüze çykardylar. Bu barada Gruziýanyň milli muzeýiniň ylmy işgäri Jony Abuladze mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, gazuw-agtaryş işlerinde çig kerpiçden bina edilen jaýlaryň yzlary, şeýle hem, neolit eýýamyna mahsus bolan keramiki gap-gaçlaryň parçalary, süňkden ýasalan gurallar we monjuklar tapyldy. Maşawera depesinde ilkinji arheologiki gazuw-agtaryş işleri 1988-nji ýylda başlanypdy. Arheologik işler Gruziýanyň medeni mirasy gorap saklamak boýunça milli gullugynyň ýardamy bilen Milli muzeýiň ylmy işgärleri tarapyndan 2020-nji ýylda gaýtadan başlandy.

  • 34
  • 08.09.2020