MAKALA

«Panasonic Lumix S5» tanyşdyryldy

Ýokary hilli fotoenjamlary we wideokameralary öndürmegi bilen tanalýan «Panasonic» kompaniýasy täze aýnasyz fotoenjamyny tanyşdyrdy. «Panasonic Lumix S5» atly enjam ozalky modellerden has ýeňil bolup, wideoýazgylary almaga hem mümkinçilik berýär. 24 megapiksel durulykda surata alýan sensor ýerleşdirilen enjam pes ýagtylykda hem dury suratlary düşürýär. Ykjam fotoenjama iki sany SD kart ýerleşdirip bolýar. «Lumix S5» arkaly 4K60p durulygynda wideoýazgy edip bolýar. Wideoýazgy 30 minut bilen çäklendirilipdir. Enjam LCD ekrany arkaly gysga wideoýazgylar etmek üçin örän amatly. Suwa çydamly gabara bilen üpjün edilen «Lumix S5» atly enjamyň bahasy 2000 dollar. Modeliň linzaly bahasy 2300 dollar.

  • 33
  • 08.09.2020