MAKALA

Çardagly türkmen

Hormatly Prezidentimiziň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly eserler ýygyndysynyň 3-nji jildinde: «Türkmen halkynyň durmuşyny, ykbalyny, sözüniň hem-de sazynyň şirinlik gymmatyny özünde jemleýän edebi gymmatlyklaryň biri-de «Görogly» şadessanydyr» diýip, waspyny ýetirýän eseri bu günki gün «Görogly dessançylyk sungaty» ady bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilip, umumadamzat ruhy baýlyklarynyň hataryna goşuldy. Bu bolsa «Görogly» şadessany bilen gyzyklanýanlaryň sanynyň mese-mälim artmagyna getirdi.

Dogrusy, mazmun taýdan-da, terbiýeçilik ähmiýeti babatda-da dünýäniň iň naýbaşy eserleriniň hiç birinden pes oturmaýan «Görogly» şadessany uzak ýyllardan bäri göroglyşynaslaryň üns merkezinden düşmän gelýär. Ony zehinli edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň ozalky «Ýaş kommunist» (häzirki «Watan» gazeti) gazetiniň 1985-nji ýylyň 20-nji iýunyndaky sanynda çap edilen «Görogly — haýsy döw­rüň är ogly?» diýen makalasyndaky «Asyrlaryň jümmüşinden Göroglyny gözlemek işi-hä baryp geçen asyryň (XIX asyryň — D.A.) ikinji ýarymyndan başlanypdy» diýen jümle hem subut edýär.

Göroglyny hertaraplaýyn öwrenmek meselesi ýigriminji ýüzýyllykda has-da gerim aldy. Baýmuhammet Garryýew, Mäti Kösäýew, Öde Abdyllaýew, Nazar Gullaýew, Ahmet Bekmyradow, Baba Weliýew, Babyş Mämmetýazow, Nagym Aşyrow, Arazbaý Öräýew, Aman Baýmyradow, Porjan Kiçigulow, Aba Gylyçdurdyýew ýaly alymlar bu eser barada dürli nukdaýnazardan öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

«Görogly» şadessany alymlarymyz bilen birlikde türkmen ýazyjylaryny-da biparh goýmady. Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Agahan Durdyýew ýaly söz ussatlarymyz hem bu meşhur şadessan hakynda öz pikirlerini orta atdylar. Şadessanyň şahalaryny il içinden toplamakda-da, ony dessançy bagşylaryň dilinden ýazyp almakda-da çeper döredijiligi ylym bilen utgaşykly ýöreden ýazyjy-şahyrlarymyz çetde durmadylar.

Azerbaýjan, türk, özbek, täjik, gruzin, ermeni, kürt ýaly ençeme milletde bolan «Görogly» diňe bir oňa dahylly halklaryň däl, eýsem, beýleki halklaryň alymlaryny-da az gyzyklandyranok. Öz döwründe asly polýak şahyry, terjimeçisi, halk ertekilerini ýygnaýjy, gündogarşynas, professor Aleksandr Leonardowiç Hodzko görnükli rus dilçisi we edebiýatçysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, akademik Wiktor Maksimowiç Žirmunskiý; azerbaýjan edebiýatçy alymy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Halyk Körogly; başgyrt edebiýatçy alymy we folklorçysy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Nurmuhammet Talipowiç Zaripow; gruzin edebiýatçy alymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Liýa Georgiýewna Çlaidze ýaly ençeme alymlaryň «Görogly» şadessany hakda öz nukdaýnazarlaryny äşgär edip ylmy makalalar, monografiýalar ýazandyklary bellidir. Buýsançly ýeri, olar öz halklarynyň ýa-da Merkezi Aziýa halklarynyň «Göroglusy» hakda gürrüň etseler-de, Göroglynyň türkmendigini, türki dilli beýleki halklaryň «Göroglularynyň» binýadynda türkmenleriň «Görogly» ýordumynyň durýandygyny aýtman bilmediler. Elbetde, goňşy halklaryň «Göroglularynda» beýan edilýän wakalarda, adam we ýer-ýurt atlarynda käbir tapawutlaryň boljakdygy tebigydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda-da edebiýatçylardyr ýazyjy-şahyrlarymyzyň birnäçesi «Görogly» şadessany hakda täzeçe garaýyşlaryny öňe sürdüler. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Rejep Pirjanow, göroglyşynas Aşyrmät Garly, Agamämmet Ýazmyradow ýaly edebiýatçylarymyz bilen birlikde, Nobatguly Rejebow, Osman Ödäýew ýaly ýazyjy-şahyrlarymyz hem Görogly babatdaky öz garaýyşlaryny halk köpçüligine ýetirdiler.

«Görogly» şadessany dogrusynda şu mahala çenli ýazylan makalalarda, ylmy işlerde bu eseriň haçan dörändigi, onuň döremegine haýsy eseriň («Oguznama», «Gorkut ata») ýa-da şahsyýetiň (Mao-tun — Oguzhan, Ugurjyk, Körsulu, Muhammet Togrul beg, Jelaleddin) sebäp bolandygy, Göroglynyň toslama gahrymandygy ýa-da anyk bir şahsyýetiň çeper keşbidigi, milletiniň türkmendigi, halkymyza mahsus ähli sypatlary özünde jemleýändigi, Göroglynyň adynyň, şeýle-de eserdäki käbir beýleki adam atlarydyr ýer-ýurt atlarynyň simwoliki manylary hakynda, ýaşan, gezen ýerleri dogrusynda dürli çaklamalar, garaýyşlar beýan edilýär. Käbiri düýpli ylmy delillere esaslanýan, ýene birleriniň esasynda bolsa rowaýat ýatan şol pikirlerdir çaklamalar, garaýyşlar dürli-dürli bolsa-da, ylym üçin ähmiýetlidir. Çünki haýsydyr bir mesele babatdaky dürli pikirleriň kähalatda anyk bir netijä açar bolýandygy ylym äleminde täzelik däl.

Çardagly Çandybiliň niredeligi baradaky mesele hem şadessany hertaraplaýyn seljermäge ýykgyn edýän edebiýatçylaryň aglabasyny gyzyklandyryp gelýär. Ýöne göroglyşynaslar şu mahala çenli Çardagly Çandybiliň niredeligi barada dürli çaklamalary öňe sürseler-de, bu meselede anyk netijä gelinmedi. Meselem, Aba Gylyçdurdyýew Magtymguly etrabyndan bir ýaşulynyň sözlerine salgylanyp, «Görogly» («Esger» gazeti, 08.06.2000ý.) diýen işinde: «Dogrudan-da, Garrygala (häzirki Magtymguly etraby — D.A.) sebitlerinde eposda agzalýan daglaryň, ýerleriň ady köp. Onuň üstesine-de, Garrygalanyň töwerek-daşynyň daglar bilen gurşalyp durşy Çardagly Çandybili ýadyňa salýar» diýip, Çardagly Çandybiliň Magtymguly etrabynyň çäginde bolaýmagynyň mümkindigi baradaky pikire gol ýapsa, şol makalasynyň ýene bir ýerinde: «...wakalaryň köpüsi Çardagly Çandybilde (Abywerd-Kaka etrabynyň öňündäki daglara ýerli ilat Çardagly diýýär) bolup geçýär» diýip ýazýar.

Rejep Pirjanow bolsa «Gadymyýetiň gatlaryndan gaýdýan Görogly» («Esger» gazeti, 27.03.2015ý.) diýen makalasynda: «Eýsem, Çardagly Çandybil ýurdy nirede ýerleşdikä? Şu günki güne çenli jogaby mälim bolman gelýän bu sowala häzirem anyk jogap bermek kyn, ýöne eposda onuň takmyny salgysy berilýär. «Men Balhy-Badahşan, Harazmin gapdallaryna söwda etmäge giderdim. Şonda türkmen il-ulsunda Çardagly Çandybil galasynda düşläp, bezirgenlik edip geçerdim. Çandybil galasyna baramda, meniň hemişe düşleýän ýerim, myhman jaýym hut Göroglynyň öz meýhanasy bolardy».

Şu maglumatdan çen tutsaň, onda Göroglynyň ýurdy oguzlaryň irki eýýamlarda boý-taýpalardan düzülen döwlet gurluşynda ýaşan ýerleri bolan Türküstan, Altaý, Orhon derýasy sebitlerine gabat gelýär» diýip, Çardagly Çandybiliň nirede ýerleşýändigi baradaky öz çaklamalaryny orta atýar.

Şeýle hem R.Pirjanow Göroglynyň adynyň Magtymgulynyň döredijiliginde ýedi ýerde duş gelýändigini aýdyp, olaryň üçüsinde, ýagny:

«Görogly dek dagdan-daga ugrasam,

Ýa, Reb, habar bilerinmi, ýar, senden!»

 

«Deşt üzre gyr atymy,

Görogly dek deper boldum»

 

«Görogly dek gezsem daglaryň saýyn» — diýen setirlerde Göroglynyň ýaşan, gezen ýerleriniň daglyk, sähralyk ýerler bilen baglydygyna ünsi çekýär. Şeýlelikde, ol: «Dana şahyrymyzyň döredijiliginden alnan mysallardan görnüşi ýaly, Çandybil galasy gadymy Turan düzlüginiň haýsy-da bolsa daglyk, sähralyk etraplarynyň birinde ýerleşen bolmaly» diýen netijä gelýär.

Göroglyşynas Aşyrmät Garly «Görogludan» bildiňizmi?» atly makalasynda «Şasenem-Garyp» dessanyndaky käbir ýer-ýurt atlaryny, gahrymanlarynyň hereketlerini şadessanyň wakalary bilen deňeşdirip yzarlamak arkaly Çandybiliň ýerleşýän ýeri barada öz garaýşyny beýan edip: «Eýsem, onda Çandybil niredekä?! Bu sowal häzirlikçe anyk çözgüdine garaşyp ýatyr. Emma Gürgençden Genjimiň ýaşaýan ýerinden uzakda däl. Görogly alys ýurtlara gideninde Sapar kösäniň baryp, goýun-guzy alyp gaýtmaga mümkinçiligi bolan aralykda» diýip ýazýar. Soňra: «...Çandybil Balkan welaýaty bilen Daşoguz welaýatynyň sepgidine golaý bir ýerlerde bolýar. Emma bu heniz doly anyklanylmaly mesele» diýip, öz pikirini biraz aýdyňlaşdyrýar.

Üns beren bolsaňyz, awtor Çandybiliň öňünden «Çardagly» sözüni getirýän däldir. Biziň pikirimizçe, munuň esasy sebäbi göroglyşynasyň Çandybiliň ýerleşýän ýerleri diýip sanaýan ýer-ýurt atlarynyň daglyk ýerlerden alysdalygy üçin bolsa gerek. Ýöne munuň üçin awtor ýalňyş pikiri öňe sürüpdir diýip bolmaz. Sebäbi Göroglynyň Çandybiliniň, ýagny birnäçe taýpadan ybarat türkmen iliniň ählisi daglyk ýerde ýaşapdyr diýmek birtaraplaýyn bolar. Bu pikirimizi daglyk ýer bolmadyk Kerki etrabynda (Guwakda) Çandybil diýen galanyň, Sarahs etrabynda Çandybil diýen ýer adynyň (S.Atanyýazow, «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi», Ylym, 1980ý.) bolmagy hem tassyklasa gerek.

Şu ýerde atasy Jygalybegiň maslahaty bilen ýigit çykan Göroglynyň Üçgümmez dagyndan öz ilini gözläp gaýdyşyny, Çardagly Çandybile gelşini beýan edýän waka hem üns bererlikdir: «...atasyndan rugsat diläp, niredesiň Çardagly Çandybil diýip, sürüp gidiberdi. Bardy türkmen sährasyna ilatyň ileri çetinden. Birmahaldan gözüne birtopar gara öý göründi». Bu jümle göz atuwyňda daglyk obasynyň däl-de, bada-bat giň sährada ýazylyp-ýaýrap oturan türkmen obasynyň keşbini janlandyrýar. Diýmek, bu ýerde, birinjiden, «Çardagly Çandybil» diýen jümlä «öz ýurduna, öz Watanyna» diýlip düşünilse hakykata ýakyn bolar. Onuň sebäbini bolsa, biraz soňrak aýdyňlaşdyrjak bolarys. Ikinjidenem, onuň ata-babasy sähralyk ýerde ýaşap, merkezi galany Görogly soň Balkan degresine, ýagny daglyga göçüren bolmagy mümkin. Üçünjiden bolsa, Çardagly Çandybile soltanlyk eden Göroglynyň ata-babasynyň esasy galasy dagly ýerde bolsa-da, sährada ýazlaghanasy bolup, ony-da Çardagly Çandybil atlandyran bolmaklary ahmal. Şeýlelikde, Çardagly Çandybil dagda, düzde ýaşaýan ähli türkmen iliniň dolandyrylýan merkeziniň, ýagny häzirki dilde aýtsak, ýurduň administratiw merkeziniň adydyr.

Göroglyşynas alym Rejep Pirjanow hem ýokarda ýatlanan makalasynda: «Çardagly Çandybiliň esasy merkezi Göroglynyň öz ýaşan galasydyr. Ýurduň ilatynyň agramly bölegi bolsa sähralarda, erkin durmuşda, şeýle hem birnäçe ululy-kiçili galalarda, şol galalaryň töwereklerinde ýaşapdyrlar» diýip ýazýar. Alymyň bu pikirini üstüne ýagy dökülen türkmen taýpasynyň ýaradar adamlarynyň arz edip, Göroglynyň esasy oturýan galasyna baryşlary hem tassyklaýar. Görşümiz ýaly, Çandybil ýurdunda dagam bar, düzem, sähra-da bar, jeňňelem, deňizem bar, derýa-da! Täsin ýeri, ýaşamak, nesil örňetmek üçin ähli amatlyklary bolan şol gözel tebigatly ýurduň — Çandybil atlandyrylýan giň diýaryň daşyna dört dag (çar dag) halkalaýyn aýlanyp, bu bereketli mekana hyrydar daşky duşmanlardan ilaty goraýan gala diwaryna çalym edýär.

Şol dört dagly söhbede geçmänkäk, edebiýatçylaryň köpüsiniň Çardagly Çandybil diýip dört sany dag gerşiniň arasynda ýerleşýän, çaklaňja meýdany tutup oturan gala düşünýändiklerini belläsim gelýär. Şeýle garaýyş, isleseň-islemeseň, Göroglynyň soltanlyk çäginiň örän dar çygyrda bolandygy baradaky pikiri oýarýar. Hakykatda bolsa, haýsy taýpadan bolandygyna garamazdan, Görogly külli türkmen iliniň soltany. Sähel üns berip okan adam şadessanyň öz içinden hem bu pikirimizi tassyklaýan jümlelere kän duşar.

(Dowamy bar).

 

Döwrangeldi Agalyýew,

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.

  • 25
  • 09.09.2020