MAKALA

Biraýlyga bagyşlanan maslahat geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölüminde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ýerli wekilleri, serhetçi harby gullukçylar we harby bölümiň ähli derejedäki sürüjileri gatnaşdylar. Ýokary guramaçylyga eýe bolan maslahatda çykyşlar diňlenildi. Olarda köçe-ýol hereketiniň kadalaryny dogry hem ünsli berjaý etmek, ýol hereketlerine gatnaşylanda howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny ýerine ýetirmek, ýol hereketiniň düzgünlerini, belgilerini dogry bilmek, awtoulaglar dplandyrylanda bellenilen tizlikden ýokary çykmazlyk barada bellenilip geçildi. Şeýle hem çykyş edenler ýol hereketine gatnaşylanda pyýadalaryň bilmeli we berjaý etmeli düzgünleri hem talaplary, ýagny bellenen ýerlerden geçmek (ýerasty ýa-da ýerüsti geçelgelerden), ýollarda hereketde mahalynda ünsi sowujy serişdeleri ulanmazlyk hakynda täsirli gürrüňleri etdiler. Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek bilen baglanyşykly görkezilen wideoýazgylar bolsa wagyz-nesihat häsiýetli maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

 

Ýazberdi Ataýew.

  • 31
  • 09.09.2020